Mergen Mämmedow Tokio Olimpiadasynyň final tapgyryna çykyp bilmedi

Mergen Mämmedow Tokio Olimpiadasynyň final tapgyryna çykyp bilmedi

Tokiodaky Olimpiýa oýunlarynda ýekedaban zyňmak boýunça ýaryşynda Türkmenistandan ýeke-täk wekil bolan Mergen Mämmedow final tapgyryna çykyp bilmedi.B Kwalifikasiýa toparynda çykyş eden türgen 15-nji netijäni görkezdi — 67,53 metr.

Jemleýji tapgyrda çykyş edýän 12-lige girmek üçin bu görkeziji ýeterlik bolmady.Kwalifikasiýa tapgyrynda iň gowy netijäni polşaly Woýseh Nowiskiý görkezdi — 79,78 metr.Ikinji ýerde amerikaly Rudi Uinkler — 78,81 m, üçünji ýerde norwegiýaly Eýwind Henriksen — 78,78 m.

Türkmen türgenleriniň Olimpiýa ýaryşlaryndaky çykyşlarynyň dowamy barada bellesek, 3-nji awgustda Öwez Öwezow 109 kilogram agramda dünýäniň öňdebaryjy agyr atletikaçylary bilen bäsleşer. 4-nji awgustda bolsa, Hojamuhammet Toýçiýew 109 kilogram agramda agyr atletika boýunça ýaryşa goşular.

Şeýle hem okap bilersiňiz:

Ýene degişli makalalar

Germaniýa Ispaniýany uly ýaryşda ýeňmek başardanok
Golaýda tälimçisini çalşan klublar
Rudi Garsiýa Napoliniň baş tälimçisi boldy
Ronaldonyň öňki tälimçisi “Napoli” toparyna tälim berer
Al-Nasryň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy
21-nji aprel Türkmenistanda baýramçylyk we dynç güni diýlip yglan edildi, Türkmenistan harby-taktiki okuwlary geçirer, Azady adyndaky dünýä dilleri institutynda rus dili boýunça Olimpiadanyň jemi jemlendi we beýleki habarlar