Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow 13-nji awgustda Türkiýä sapar edip, prezident Rejep Taýýip Erdogan we türk kärdeşi Hakan Fidan bilen duşuşdy. Bu barada “Anadoly” habar agentligi maglumat ber. Duşuşyk metbugata ýapyk görnüşde geçirildi.
Türkiýäniň Daşary işler ministrligine görä, 13-14-nji awgustda Türkiýede saparda bolýan Meredow türk kärdeşi bilen hem aýrybaşga duşuşar.
Türk metbugatyna görä, Türkiýäniň we Türkmenistanyň daşary işler edaralarynyň ýolbaşçylary gepleşiklerde ikitaraplaýyn gatnaşyklary, energetika we transport pudaklaryndaky hyzmatdaşlygy, halkara we sebit meselelerini hem-de köptaraply hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Aşgabatly synçy Serdar Aýtakow Meredowyň Türkiýä amala aşyrýan saparyny analiz etdi. Bu makalada aýdylan pikirler awtoryň öz pikirleri bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny aňlatmaýar.
Türkmenistanyň we Türkiýäniň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşikleriň iň möhüm ugurlarynyň biri, gürrüňsiz, türkmen gazynyň iberilmegi meselesi bolup durýar. Türkiýäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň ýaňy-ýakynda Türkmenistana amala aşyran sapary bu öňdeligi ýene bir gezek tassyklady.
Baýraktar Türkmenistandan Eýrana, ol ýerden swap ylalaşygy esasynda Azerbaýjana, soňra TANAP gaz geçirijisiniň üsti bilen Türkiýä gaz ibermegiň taýýar “reseptleri” we geljekki ugurlary bilen Aşgabada gelipdi.Mälim bolşy ýaly, bu usuldan ozal hem peýdalanylýardy, degişlilikde kiçi möçberlerde türkmen gazy (ýylda 1,5-1,8 milliard kub metr) Azerbaýjana iberilip, onuň Ýewropa ýurtlarynyň öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmegine ýardam berilýärdi. Ýöne bu ibermeler, Azerbaýjan çeşmelerine görä, içerki önümçiligiň artmagy sebäpli, şu ýylyň başlarynda bes edildi.
Baýraktar öz saparynyň dowamynda bu shemanyň türk arka durmasynyň astynda gaýtadan dikeldilmegine ýardam bermegi maksat edindi, ýöne has möhümi, bu gezek shemada türkmen gazynyň TANAP arkaly üpjün edilýän azeri gazyna “siňdirilmezden” Türkiýä iberilmegi ilkinji gezek agzaldy.
Bu bolsa, Türkmenistanyň Türkiýäniň, galyberse-de, Baýraktaryň belleýşi ýaly, soňy bilen Ýewropanyň doly derejeli gaz üpjünçisi hökmündäki rolunyň ähmiýetini artdyrdy.
Ýatlasak, türkmen gazynyň Türkiýä iberilmegi boýunça Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda birnäçe şertnamalar bar, olaryň iň soňkusyna Gurbanguly Berdimuhamedowyň mart aýynda III Antaliýa diplomatik forumyna gatnaşmak üçin Türkiýä amala aşyran saparynyň dowamynda gol çekildi. Bu ylalaşyklar türkmen gazynyň Ýewropa iberilmeginiň öňüni açyp biler:
Baýraktar öz saparynyň dowamynda türkmen gazynyň üstaşyr geçirilmegi bile bagly bar bolan käbir meseleleriň bireýýäm çözülendigini mälim etdi:
“Azerbaýjan tarapy bilen hiç hili mesele ýok, iýun aýynda BOTAŞ SOCAR bilen tranzit şertnamasyny baglaşdy”
Bu ýerde türkmen gazynyň Azerbaýjanyň hem-de üçünji ýurtlaryň üsti bilen Türkiýe iberilmegi boýunça Azerbaýjanyň SOCAR döwlet kompaniýasy bilen Türkiýäniň BOTAŞ kompaniýasynyň arasynda 2024-nji ýylyň 4-nji iýunynda gol çekilen hyzmatdaşlyk şertnamasy göz öňünde tutulýar. Baýraktar Eýranyň bu shemadaky roly boýunça has anyk zatlary aýdyp bilmedi, ýöne bu meselede umyt beýan etdi:
“Men Eýranyň hem türkmen gazynyň öňümizdäki ýylda Türkiýä akyp başlamagyna rugsat bermekde konstruktiw pozisiýany eýelejekdigine umyt bildirýärin” diýip, ol aýtdy.
Ýöne, Baýraktaryň Aşgabada amala aşyran saparynyň edil öňüsyrasynda we onuň dowamynda Azerbaýjan tarapyndan berlen bir topar beýanatlar we interwýular Azerbaýjanyň bu tranzit shemasy bilen bagly pozisiýasynyň üýtgändigini görkezdi.
Bu neşirler Ýewropa beýlede dursun, Türkiýä gaz ibermekde azeri TANAP geçirijisinde ýeriň ýokdugyny öňe sürdüler.Azerbaýjan häkimiýetleri, şol sanda Ilham Aliýewiň hut özi Türkmenistanyň Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyna hem-de Azerbaýjan boýunça täze gaz geçirijisine maýa goýmaga göwünsizdigine salgylanyp, türkmen gazynyň öz ýurdunyň çäginden üstaşyr geçirilmegine gaýta-gaýta şübhe beýan edip geldi.
Olar Türkmenistan tarapyndan meýilleşdirilýän gaz möçberleriniň azerbaýjan gaz geçirijilerine sygmaýandygyny aýtdylar.
Ýöne, bu aralykda, türkmen gazynyň Eýran bilen swap ylalaşygy arkaly Yraga iberilmegini göz öňünde tutýan gas taslamasy anyklaşdy.Bu ýurda her ýylda 10 milliard kub metr gaz ibermek boýunça yrak hökümeti bilen ylalaşyk gazanyldy we iýulyň başlarynda eýran tarapynyň ýylda 10 milliard kub metr tebigy gazy satyn alyp, Yraga geçirmegi boýunça Eýran bilen Türkmenistanyň degişli edaralarynyň arasynda ylalaşyga gol çekildi.
Şeýle-de, ylalaşyga görä, “gaz-ulag infrastrukturasyny giňeltmek maksady bilen eýran kompaniýalary tarapyndan Türkmenistanyň çäginde uzynlygy 125 kilometre barabar bolan täze gaz geçirijisiniň we Eýrana goşmaça möçberde gaz ibermek üçin zerur bolan üç sany gaz gysyjy desgalaryň gurluşygy boýunça işler amala aşyrylar. Şeýle hem bar bolan kuwwatlykardan başga-da, DöwletabatSarahsHangeran ugurlary boýunça we Çaloýuk gaz ölçeýji desgasy arkaly Eýrana iberilýän gazyň möçberini ýylda 40 milliard kub metre çenli artdyrmagyň göz öňünde tutulýandygyny nygtamak gerek” diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aýtdy.
Başga sözler bilen aýdylanda, Yraga her ýylda iberiljek 10 miliard kub metr tebigy gaz hasaba goşulmanda, Türkmenistan Eýrana her ýylda ýene-de 30 milliard kub metr gaz iberip biler.
Bu mukdar Hazarüsti geçirijisi arkaly göz öňünde tutulýan gazyň mukdaryna barabar bolup, teoretiki taýdan türkmen gazynyň Türkiýä we Ýewropa iberilmegine ýol açyp biler. Ýöne bu ýerde bir sorag bar: eýsem, Eýranyň degişli möçberlerde türk serhedine ibermäge ýeterlik tebigy gazy barmy, ýa-da soňy bilen, bu möçberde tebigy gazy ibermek üçin, täze gaz geçiriji gurmaly bolarmy.
Täze gaz geçirijini gurmak Hazarüsti gaz geçirijisini gurmakdan has aňsat bolar. Şeýle-de, Türkiýäniň öz gaz geçiriji kuwwaty bilen bagly hem käbir soraglar bar.Azerbaýjan öz gazyny Türkiýä ibermek üçin, Trans-Anadoly (TANAP) geçirijisini we onuň dowamy bolan Trans-Adriatik geçirijisini gurdy, ýöne Türkiýäniň mümkinçilikleri barada anyk hiç zat bilinmeýär.
Muňa garamazdan, “gowşak zynjyrdan”, türkmen häkimiýetlerine görä, Azerbaýjandan we onuň barha sabotaža meňzäp barýan we elmydama üýtgäp durýan talaplaryndan sowlup geçmek üçin, eýran kompaniýalarynyň ýardamlary bilen, Eýrandan üstaşyr geçelge hökmünde peýdalanýan türkmen gaz syýasatynyň täze bir ugry ýuwaş-ýuwaşdan kemala gelýär. Bu ýol jedeli, hukuk taýdan gowşaklygy we gymmat bahasy bilen ýaşdaş bolan Hazarüsti geçirijisiniň guluşygynyň hem öňüni baglar.
Ýöne, türk häkimiýetlerini täze shema ynandyrmak wezipe bolmagynda galýar.TANAP-y hem öz içine alýan “Günorta gaz koridory” türkmen gazynyň üpjün edilmegine we üstaşyr geçirilmegine Eýranyň dahylly edilmegini öňden bäri aradan aýryp gelýär. Ähli mesele Eýranyň halkara we amerikan sanksiýalarynyň astynda galmagy bolup durýar. Ýöne, ABŞ-nyň Türkmenistandaky öňki ilçisi jenap Klimow öňräk swap ylalaşyklarynyň sanksiýalary bozmaýandygyny aýtdy, sebäbi şeýle ylalaşyklarda Eýrandan başga ýurtlara Azerbaýjana, Yraga we Türkiýä fiziki taýdan çykýan gaz hukuk taýdan şonda-da türkmen gazy bolup durýar.
Hazar deňzinden, hyzmatdaşlyk etmeýän Azerbaýjandan (we dolulygyna bitarap Gürjüstandan) sowlup geçmek tagallalary häzirki wagtda Türkmenistanyň bu ugur boýunça durmuşa geçirýän gaz syýasatynyň esasy “prioritetine” öwrülip başlady.Jenap Baýraktar tarapyndan Aşgabatda teklip edilen shema Azerbaýjanyň doly kepilligi we Eýranyň gaz tranzitine ýagşy niýetli çemeleşmegi düýbünden derbi-dagyn edilip, gaýtadan täze shema gurulýar.
Täze shemada Azerbaýjan aradan aýrylýar, Türkiýe dominant güýjüni saklap galýar we güýçli eýran goldawyna hem-de ýardam ylalaşygyna bil baglanýar.
Raşid Meredow Eýranyň roly birden ýokarlanýan täze shema babatynda prezident Erdogany hem-de özüniň türk kärdeşi Hakan Fidany ynandyrmaly bolar.
Türkiýe Ermenistanyň üstünden geçýän “Zangezur koridoryny” ileri tutýar, ähli türk tagallalary Türkiýeden Azerbaýjana, ondan aňry Merkezi Aziýa göni guryýer geçelgesini döretmäge gönükdirilýär.Bu, II Garabag urşunyň netijelerini doly berkidip, häzirki wagtda “Orta koridor” hökmünde bilinýän ulag geçelgesiniň ugrunda bökdençsiz aragatnaşygy üpjün eder.
Türkmen gazynyň belli bir bölegini Gürjüstandan geçýän azerbaýjan TANAP geçirijisi arkaly ibermek boýunça göz öňünde tutulan deslapky meýilnamalara garamazdan, ähli logistika taslamalary, şol sanda gaz geçirijiler bu shema bagly bolup durýar.
Jenap Meredow hut şonuň üçin, täze gaz shemasynyň has netijelidigini subut etmek üçin we gaz söwdasynda Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny goramak üçin, gönüläp aýdylanda, türkmen gazy boýunça ýewropaly alyjylar bilen şertnamalar baglaşylanda Türkmenistanyň özbaşdak hukuk durumyny saklap galmak üçin, onuň prezident Erdoganyň beýik meýilnamasy bolan “türk gaz geçelgesiniň” arasynda eremegine rugsat bermezlik üçin, Türkiýä sapar edýär.
Bu makalada aýdylan pikirler awtoryň özüne degişli bolup, olar Azatlyk Radiosynyň resmi pozisiýasyny şöhlelendirmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.