Mercer: Aşgabat daşary ýurtlular üçin dünýäniň iň gymmat ikinji şäheri

Mercer: Aşgabat daşary ýurtlular üçin dünýäniň iň gymmat ikinji şäheri

Aşgabat, Hong Kongdan soň, daşary ýurtlular üçin dünýäniň iň gymmat ikinji şäheri hökmünde hasaba alyndy.

Mercer kompaniýasynyň 9-njy iýunda çap eden “Cost of Living Survey” atly hasabatynda, Aşgabat bir ýylyň dowamynda bäş orun pese gaçyp, 209 şäheriň arasynda dünýädäki iň gymmat 2-nji şäheri hökmünde agzalýar. Maglumat üçin aýdylsa, kompaniýanyň ondan öňki ýyldaky sanawynda türkmen paýtagty 2018-nji ýyldaky görkezijilerinden hem 34 orun pese gaçyp, 43-nji ýerden 7-nji orna düşüpdi.

Düýbi Nýu-Ýorkda ýerleşýän Mercer kompaniýasynyň bu hasabaty dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin durmuşyň arzançylygy we gymmatçylygy boýunça geçirilen barlaglaryň netijelerine esaslanýar.

Bu hasabat her bir şäherdäki 200-den gowrak harydyň we hyzmatyň, şol sanda jaý kireýleriniň, transport serişdeleriniň, azyk harytlarynyň, geýim-gejimleriň, öý goşlarynyň, göwnüňi açmak we güýmenje üçin niýetlenen hyzmatlaryň hem-de şuňa meňzeşleriň nyrhlarynyň deňeşdirilmeginde taýýarlanyldy.

“Cost of Living Survey” atly soňky hasabatda Türkmenistanyň aşa ýokary inflýasiýany we senagat harytlaryny hem-de çig mallary import etmek üçin ýokary çykdajylary başdan geçirýänligi sebäpli, onuň paýtagty geçen ýylky görkezijilerinden bäş orun pese gaçyp, bu ýylky sanawda ikinji ýerde ýerleşdirildi.

Hasabatda Hong Kongda daşary ýurtlular üçin esasan-da ýaşaýyş jaý bahalarynyň gymmat bolmagy sebäpli, ol birinji orunda ýerleşdirildi. Şeýle-de, Tokio we Zurih degişlilikde 3-nji we 4-nji orunlary eýelediler.

Mercer kompaniýasynyň soňky hasabatynda Aşgabadyň birdenkä baş orun pese gaçmagy, Türkmenistanda eýýäm birnäçe ýyl bäri dowam edip gelýän maliýe we azyk krizisiniň has hem ýitileşen döwrüne gabat geldi.

Galyberse-de, Aşgabat daşary ýurtlular üçin durmuşyň arzançylygy we gymmatçylygy boýunça geçirilen mundan owalky beýleki barlaglaryň netijelerinde hem dünýäniň iň gymmat şäherleriniň arasynda agzalypdy.

Dünýäniň dürli şäherlerinde daşary ýurtlular üçin ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligine degişli çykdajylary öwrenip deňeşdirýän ECA International toparynyň geçen ýylyň aýagynda çap eden soňky hasabatynda Aşgabat dünýädäki iň gymmat şäher hökmünde hasaba alynypdy.

Türkmen häkimiýetleri ýokarda aýdylanlary tassyklap ýa inkär edip çykyş etmeýärler. Bu barada resmi mediada hem kelam agyz söz aýdylmaýar.

Munuň deregine, türkmen resmileri hökümet maslahatlarynda “ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli gowulandyrylmagynyň üpjün edilýändigini” ynandyrmaga synanyşýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat dünýäniň iň gymmat şäheri saýlandy
Aşgabat daşary ýurtlular üçin tapgyr ikinji ýyl iň gymmat şäher boldy
Aşgabat dünýäniň iň gymmat 10 şäheriniň arasynda ýerleşdirildi
Berdimuhamedow öz doglan gününde “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyşyna gatnaşdy
Aşgabat gymmatçylykda Waşingtondan-da ozdy
Dünýäde atyň iň uly kellesiniň heýkeli oturdylan Aşgabat ýaşaýyş-durmuşyň hili boýunça 211-nji orunda