Mercedes kompaniýasy elektrik energiýasy bilen işleýän ilkinji kupe görnüşli lýuks ulagyny köpçülige hödürledi.Kuwwaty 751 at güýjüne barabar bolan iki motorly Mersedes-AMG EQS 53 nemes brendiniň iň kaşaň awtoulagy diýlip saýlandy. 107,8 kWt batareýa oturdylan elektroulag bir gezekki zarýady bilen 563 kilometr ýol geçip bilýär.
Awtoulagyň içi aşa giň bolup, iň soňky multimediýa tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan.Bu modeliň käbir aýratynlyklary Mercedes-iň uzak ýyllaryň dowamynda däbe öwrülen S-klassynyň standartlaryna laýyk gelmese-de, uly ekranly sanly dolandyryş paneli bilen köpçüligi haýran galdyrýar.
Ulag ygtybarlylygy bilen hem sürüjilere uly rahatlyk döredýär.Motorynyň sesiniň pes bolmagy, ykjamlygy ulagly gezelenç etmäge mümkinçilik berýär.