2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde Germaniýanyň Mercedes-Benz AG awtoöndürijisi dowam edýän ýarym geçiriji bölekleriň ýetmezçiligine we üpjünçilik zynjyryndaky beýleki meselelere garamazdan, satuwy ýyllyk hasabynda 21% ýokarlandyrdy. Bu barada interfax.ru habar berýär.
Kompaniýanyň metbugat relizinde aýdylyşy ýaly, geçen çärýek onuň global satuwy 517,8 müň awtomobile barabar boldy.Elektromobil satuwy iki esseden gowrak 30 müňe çenli ýokarlandy. 2022-nji ýylyň üç çärýeginde görkeziji 2,3 esse ýokarlanyp, 75,4 müňe ýetdi.
Awtokonserniň Maybach we S-Class awtomobillerini öz içine alýan gymmat segmentinde satuw iýul sentýabr aýynda 1% azalyp, 77,5 müň boldy. Üçünji çärýekde Aziýada Mercedes-Benz-iň satuwy geçen ýylyň iýul sentýabr aýlary bilen deňeşdirilende, 28% ýokarlanyp, 260,5 müň awtomobile ýetdi. Şol sanda, Hytaýda 206,8 müň awotulag satyldy bu bir ýyl ozalkydan 37% köpdür. Ýewropada awtokonserniň awtomobilleriniň satuwy 18%, 152,7 müň birlige çenli, Demirgazyk Amerikada 26%, 83,2 müň birlige çenli ýokarlandy.
ABŞ-da konserniň satuwy 31% ýokarlanyp, 72,4 müň boldy. 2022-nji ýylyň başyndan bäri Mercedes-Benz-iň bazar kapitallaşdyrmasy 24% peseldi.