2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde Mercedes-Benz Group AG islegiň we bahalaryň ýokarlanmagy netijesinde arassa girdejisini iki esseden gowrak, girdejisini 19% ýokarlandyrdy.Iýul sentýabr aýlarynda kompaniýanyň arassa girdejisi bir ýyl ozalky 1,868 mlrd ýewro garşy 3,923 mlrd ýewro boldy.
Salgyt we göterim töleglerinden öň düzedilen girdejiler (EBIT) 72% ýokarlanyp, 5,34 mlrd ýewro ýetdi.Bu barada interfax.ru habar berýär.
Girdeji bir ýyl ozalky 31,647 mlrd ýewrodan 37,716 mlrd ýewro çenli ýokarlandy.Girdejililik 8,8% bilen deňeşdirilende, 14,5%-e ýetdi. Ýeňil awtomobilleri çykarmaga ýöriteleşen Mercedes-Benz Cars bölümçesiniň girdejisi hasabat döwründe 26% - 28,21 mlrd ýewro çenli ýokarlandy. Üçünji çärýekde ýeňil awtomobilleriň satuwy 38% - 530 414 birlige çenli, önümçilik 34%, 534 307 awtomobile çenli ýokarlandy. Ýeňil ýük ulaglarynyň satuwy 18% ýokarlanyp, 103 978 birlige, olaryň önümçiligi 31% ýokarlanyp, 108 875 birlige ýetdi.
Kompaniýa 2022-nji ýyl üçin Mercedes-Benz Cars bölümçesiniň girdejililigi baradaky çaklamasyny 12-14%-den 13-15%-e çenli artdyrdy. Şu ýyl ýeňil awtomobilleriň satuwynyň hem 2021-nji ýyla garanyňda sähel ýokary boljakdygy, ýöne girdejiniň ep-esli ýokarlanjakdygy çaklanylýar. 2022-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýanyň kapitallaşdyrmasy 13,8% (62,5 mlrd ýewro çenli) pese gaçdy.