Mentonda däbe öwrülen limon festiwaly başlandy

Mentonda däbe öwrülen limon festiwaly başlandy

Fransiýanyň Menton şäherinde däbe öwrülen limon festiwaly dowam edýär diýip, 24KZ habar berýär. Bu ýylky çäre tomusda Parižde geçjek Olimpiýa oýunlaryna bagyşlanýar. Şonuň üçin ähli bezeglerde Olimpiýa oýunlarynyň nyşanlaryny synlamak bolýar.

Öz döwründe Menton Ýewropada limon öndüriji iri merkez bolupdy, emma soňky ýyllarda bu miwäniň öndürilişi kemeldi. Bu gün sitrus önüminiň bir bölegi goňşy Ispaniýadan getirilýär.

Festiwal iki hepde dowam eder, guraýjylar oňa 200 müň jahankeşdäniň gelmegine garaşýarlar.

Festiwalyň tehniki guramaçysy Kristof Giýena şeýle gürrüň berýär: - Festiwalda sitruslaryň 140 tonnasy, ýagny 500 müňe golaý miwe ulanýar. Biz olary iki hepdäniň dowamynda zaýalanmazlygy üçin gaýtadan işleýäris.

Ýene degişli makalalar

14-nji awgustda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
29-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Wenada geçirilen Bütindünýä orkestr festiwalynda türkmen sazandalary Altyn baýraga mynasyp boldular
Türk dokmental film festiwalyna 9 ýurtdan 300 ýüztutma geldi
MOSKWADA PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY ŞYGARY MYNASYBETLI KONSERT GEÇIRILER
Türkiýe Medeniýet Ýoly Festiwaly 16 Şäherde Geçirler