9-njy dekabrda Ermenistanda geçirilen nobatdan daşary Parlament saýlawlarynda ýurduň Premýer-ministri wezipesini ýerine ýetirýän Nikola Paşinýanyň “Meniň ädimim” atly bileleşigi öňdeligi eýeledi.Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw geňeşi habar berdi.
Wekiller kürsüsi üçin bäsleşige jemi 9 partiýa we iki bileleşik gatnaşdy. “Meniň ädimim” bileleşigi sesleriň 70,46%-ini, “Gülleýän Ermenistan” partiýasy 8,37%-ini, ”Aň-bilimli Ermenistan” partiýasy 6,53%-ini eýeläp, parlamentden orun aldylar.Ermenistanyň ozalky Prezidenti Serž Sargsýanyň ýolbaşçylyk edýän Respublikan partiýasy 4,54% sese eýe bolup, parlamentden orun alyp bilmedi. “Daşnaksutýun” fraksiýasy bolsa, sesleriň 4%-den gowragyna eýe boldy.
Düzgüne görä, partiýalaryň parlamentden geçmegi üçin azyndan 5% sese, bileleşikleriň bolsa, 7% sese eýe bolmagy zerurdyr.Saýlawlara gatnaşyk garaşylyşyndan az bolup, oňa saýlawçylaryň 48,63%-i gatnaşdy.Beýleki partiýalar bolsa, sesleriň 2%-ine golaýyna eýe boldular.Saýlawlaryň gidişine 17 müň synçy, şol sanda, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň synçylary hem gatnaşdylar.