Käbir jandarlar öz garyndaşlaryndan tapawutly reňkde bolýar.Mysal üçin, guzular dünýä inenlerinde gara ýa-da goňur bolýarlar.Guzularyň ak reňklisi örän seýrek duş gelýär.Bu ýagdaý ýabany haýwanlarda hem gabat gelýär.
Dünýäniň ösümlik we haýwanat dünýäsine iň baý ýerleriň biri hasaplanýan Keniýadaky Masai-Mara goraghanasynda menekli zebra dünýä indi.Adatça, zebralar ak-gara çyzykly bolup, hatda ak çyzykly ýerlere zebra diýilýär.
Meýdanda bökjekläp ýören menekli zebrany beýlekilerden tapawutlandyrmak örän aňsat.Ony surata düşüren Frenk Liu bu kiçijik jandary ilki göreninde onuň başga bir jandardygyny pikir edipdir.Zebra sürüsiniň içinde ejesiniň ýanyndan aýrylmansoň, “taýharjygyň” bu maşgala degişlidigi belli bolupdyr.
Gaty seýrek duş gelýän bu ýagdaý jandaryň reňkini emele getirýän pigmentleriň beýlekilerden tapawutly bolmagy bilen baglydyr. Şol sebäpli zebranyň derisinde çyzyklaryň deregine menekler emele gelýär.Munuň hiç hili zyýany ýok.
Emma hünärmenler şeýle reňkli zebrany has köp çybyn-çirkeýiň çakyp biljekdigini aýdýarlar.Sebäbi, zebralaryň ak-gara çyzyklary mör-möjekleriň görüş ukybyna täsir edip, zebralara köp gonmagynyň öňüni alýar.