“ Melhemler hazynasy ”

“ Melhemler hazynasy ”

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy 47-nji orta mekdepde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplary easynda “ Melhemler hazynasy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärede halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin we olaryň saglygyny berkitmekleri ugrunda ýurdumyzda ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändigi şeýle-de asly gadymy halkymyzyň ähli derdiň dermanynyň ösümliklerdedigine, halk lukmançylygynda yz galdyran lukmanlarymyzyň köpýyllyk tejribeleri easynda keramatly topragymyzda bitýän ösümlikleriň, aglabasynyň kökleriniň, ýapraklarynyň, gülleriniň haýsy derde em bolýandygy anyklandyklaryny, uzak ýyllaryň dowamynda olardan taýýarlanan melhemleriň kömegi bilen dürli keselleri bejerendiklerini, häzirki döwürde lukmançylyk ylmynyň ösüş ýolunda ýokary derejelere çykandygyny,munuň şeýledigini ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dünýäniň iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen, döwrebap kesel anyklaýyş merkezleridir, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, şypahanalaryň mysalynda hem görmek bolýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler. Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ensiklopedik kitaplarynyň tebigy melhemleriň jemidigini buýsanmak bilen nygtadylar şeýle-de sergide ýerleşdirilen ýurdumyzda bitýän dürli dermanlyk ösümlikleriň taýýar görnüşleri , melhemlik çaýlarynyň birnäçesi bilen tanyşdyryldy. Çäräniň ahyrynda halkymyzyň saglygyny goramakda, we berkitmekde uly tagallalar edýän hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly alymlara ýowşanyň efir ýagyndan ýasalan melhem üçin patent berildi
Ruhabat galla önümleri önümçilik toplumy ýokary hilli önümleri hödürleýär
Aşgabadyň hususy dermanhanalarynda dermanlaryň nyrhlary görkezilmeýär
24.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti durmuş maksatly täze desgalaryň toplumynyň açylyşyna gatnaşdy