Meksikanyň wekili “Miss Wselennaýa” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Meksikanyň wekili “Miss Wselennaýa” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Meksikanyň wekili Andrea Meza şu ýyl “Miss Wselennaýa” ("Älem gözeli") gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Bu barada bäsleşigiň Instagram sosial ulgamyndaky resmi sahypasynda habar berilýär. Muny TASS ýetirýär.

Çiuaua şäherinden 26 ýaşly ýeňiji gyza göwher täjini 2019-njy ýylyň “Miss Wselennaýasy” bolan GAR-yň wekili Zozibini Tunsi gowşurdy. Üçünji orny Perunyň wekili Ýanik Maseta, ikinji orny braziliýaly Žuliýa Gama eýeledi.

Meza programmist bolup işleýär, Çiuaua ştatynda syýahatçylygy goldaýar, şeýle-de gender alamatly zorluga garşy göreş ugrunda çykyş edýär.Dabaranyň final tapgyryna 10 gatnaşyjy çykdy, ýöne emin agzalarynyň soraglaryndan soň, dalaşgärleriň sany bäşe çenli azaldy.

Netijede, ýeňiş üçin bäş ýurduň Perunyň, Dominikan Respublikasynyň, Braziliýanyň, Hindistanyň we Meksikanyň wekilleri göreşdi.Bu ýerde olar üçin hödürlenen mowzuk boýunça çykyşyň kömegi bilen emin agzalarynyň goldawyny almaga soňky mümkinçilik boldy.

Meza gözellik nusgalary we wagtyň geçmegi bilen olaryň üýtgeýşi barada aýtdy.Koronawirus pandemiýasy sebäpli, şu ýyl 2020-nji ýylyň “Miss Wselennaýasyny” saýlan 69-njy bäsleşik dabarasy binasy gitara görnüşinde gurlan Golliwud şäherindäki Seminole Hard Rock myhmanhanasynda we kazinosynda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala çykdy
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
48-nji Kopa Amerikanyň çempiony Argentina
Nemes metbugaty: Türkmenbaşynyň maşgalasy Berlinde gurluşyk taslamalaryna maýa ýatyrýar
Elektrogitara meňzeş myhmanhana
50 ýyldan soň çempion boldy