Meksikanyň Ilkinji Zenan Prezidenti Kasam Edip Wezipesine Girişdi

Meksikanyň Ilkinji Zenan Prezidenti Kasam Edip Wezipesine Girişdi

Meksikanyň täze prezidenti Klaudiýa Şeýnbaum kasam edip wezipesine girişdi.

Klaudiýa Şeýnbaum Kongesde geçirlen kasam ediş dabarasynda eden çykyşynda ýurdunyň ilkinji zenan prezidenti bolmagynyň ähmiýetine ünsi çekip, bu wezipä şol bir wagtda Meksikada öz gelejeklerini kesgitlemek üçin göreşýän ähli zenanlaryň hem gelendigini belledi.

Klaudiýa Şeýnbaum çykyşynda maýa goýumlara goldaw berjekdigini, azyk we ýangyç nyrhynyň gözden geçiriljekdigini nygtady.

MORENA hereketiniň dalaşgäri we Meksikonyň ozalky şäher häkimi Klaudiýa Şeýnbaum 2-nji iýunda geçirlen saýlawda sesleriň 60 göterimini alyp Meksikanyň ilkinji zenan prezident hökmünde saýlanypdy.

Ýene degişli makalalar

Meksika we Kanada ABŞ-nyň gümrük salgydy söweşine gaýtawul görkezer
Meksikada Şeýnbaumyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny tassykladylar
Meksika Putini Tussag Etmez
Tramp “Ýylyň adamy” boldy
Kamala Harrisiň tarapdarlary köle bakyp gygyrdylar
Zenan dalaşgärler üstünlik gazandy