Meksikanyň häkimiýeti Boeing 787-8 Dreamliner kysymly Prezident uçaryny Olmeca-Maya-Mexica kompaniýasyna şahsy taraplara kärendesine bermek üçin geçirmekçi. Bu barada ýurduň döwlet baştutany Andres Manuel Lopes Obrador metbugat ýygnagynda habar berdi diýip, MIR24 ýazýar.
Uçar Felip Anheles adyndaky halkara howa menzilinde ýerleşer, bu menzil Mehiko ştatynda şu ýylyň martynda açyldy. Prezidentiň sözlerine görä, häzire çenli bu howa gämisini satyn almak isleýän ýok, emma ony satmak pikirinden heniz el çekilenok.
Boeing 787-8 Dreamliner uçary 2012-nji ýylda Prezident Felipe Kalderone döwründe sargyt edilipdir. Emma uçar ýurda diňe 2016-njy ýylyň fewralynda gelip gowşupdyr, ol wagt ýurdy Enrike Penýa Nýeto dolandyrýardy. Uçar üçin 400 million dollar tölenipdir.
Meksikany 2018-nji ýyla çenli dolandyran Lopes Obrador bu kaşaň uçary ýeke gezek hem peýdalanmandyr.