Meksikada ýolagçy awtobusy gaýalyklardan aşak gaçdy

Meksikada ýolagçy awtobusy gaýalyklardan aşak gaçdy

Meksikanyň metbugatynda berilen habarlara görä ýurduň paýtagty Mehiko şäherinden Oahaka şäherine barýan ýolagçylary daşaýan awtobus, Penasko şäherçesiniň golaýynda gaýalyklardan aşak gaçdy.

Wakada ilkinji kesgitlemelere görä 25 adam ýogaldy, 17 adam ýaralandy.

Sebite köp sanda tiz kömek we ýangyn söndüriji topar ugradyldy, ýaralanan adamlar golaýdaky hassahanalarda bejergi astyna alyndy.

Wakanyň näme sebäpli bolandygy bilen bagly derňew işi başladyldy.

Ýene degişli makalalar

Meksikada polisiýa gullugynyň şefiniň janyna kast edildi
Klaudiýa Şeýnbaum Meksikanyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny yglan etdi
7-nji iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmen wekiliýeti Atly sportuň Halkara federasiýasynyň (FEI) geçirýän Baş Assambleýasyna gatnaşdy
Frida Kalonyň awtoportreti rekord baha satyldy
Daşary ýurt metbugatyna syn