Meksikada ýangynyň ýüze çykmagy sebäpli 39 adam ýogaldy

Meksikada ýangynyň ýüze çykmagy sebäpli 39 adam ýogaldy

Meksikanyň Döwlet baştutany Andres Manuel Lopes Obrador metbugata beren beýanatynda, ABŞ-nyň Tehas ştatynyň serhediniň golaýyndaky Sýudad-Huares şäherinde ýerleşýän Meksikanyň Milli Migrasiýa institutynda ýangynyň bolandygyny habar berdi.

Obrador ýangynyň ýurtdan çykarylmak üçin garaşdyrylýan bosgunlaryň sebäp bolandygyny belläp: "Protest hökmünde merkeziň gapysyny ýapyp, ýakdylar we onuň elhenç tragediýa sebäp boljakdygyna göz ýetirmediler. Ýurtdan çykaryljakdyklaryny bilendikleri üçin şol herekedi edendiklerini pikir edýäris" diýip mälim etdi.

Milli Migrasiýa institutyndan berilen ýazmaça beýanatda, düýn gije başlan ýangynda 39 adamyň ýogalandygy, 29 adamyň hem ýaralanandygy aýan edildi.

Beýanatda 4 aýry hassahanada bejergi astyna alynan adamlaryň saglyk ýagdaýlarynyň tankydydygy beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

MHM mollalary şugulçylyga çekýär, başga dinlere uýýan adamlar barada habar bermegi talap edýär
Maryda ýaşaýjylar çörek bişirýän zawoduň öňünde protest geçirdiler
Aktiwistler Nýu-Ýorkda we Waşingtonda çykyş edip, türkmen syýasy tussaglarynyň boşadylmagyny talap etdi
Türkmen häkimiýetleri Mansur Mingelowyň boşadylmagyna garamagy wada berdiler
Türkmenbaşyda ýüzlerçe adam azyk gytçylygyna garşy proteste çykdy
Yrakda, Şwesiýanyň Ilçihanasy Oda Berildi