Meksikada täze rekord

Meksikanyň paýtagty Mehiko Sitide oýnalan tennis duşuşygynda rekord hasaba alyndy. Şweýsariýaly Rojer Federer bilen germaniýaly Aleksandr Zwerewiň arasyndaky görkezme duşuşygyna 42 müň 517 tomaşaçy gatnaşdy.Bu bolsa tennisiň taryhynda iň köp janköýeriň tomaşa eden duşuşygy boldy.

Rodeo hem-de öküz ýaryşlarynyň geçirilýän ringi “Plaza de Toros”-da geçirilen duşuşykda Federer 3:6, 6:4, 6:2 hasaplar bilen ýeňiş gazandy.Tennisiň taryhyndaky mundan öňki iň köp tomaşaçyly duşuşyk 2010-njy ýylda belgiýaly Kim Kliýsters bilen amerikaly Serena Williamsyň arasyndaky oýun bolupdy.

Belgiýada oýnalan bu duşuşyga 35 681 tomaşaçy tomaşa edipdi.

Ýene degişli makalalar

5 ýyldan soň tennise dolanýar
Ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka bir duşuşykda iki rekordy täzeledi
GYSGA SETIRLERDE
Dünýä Kubogy 2026-nyň geçiriljek şäherleri mälim edildi
2026-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatyny kabul edýän şäherler belli boldy
ФИФА опубликовала список городов-хозяев ЧМ-2026