Poza Rika şäherindäki Içeri işler edarasynyň işgärleriniň, goşunyň we prokuraturanyň işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen operasiýada 5 aýry öýde geçirilen gözleg işlerinde sowadyjylarda gizlenip goýulan görnüşde 34 adamyň jesedi tapyldy.
Resmiler jesetleriň böleklere bölünip, paketlere ýerleşdirilendigini belläp, waka bilen baglanşykly 6 adamyň tussag edilendigini habar berdiler.
Operasiýanyň polisiýa işgärlerine ot açan ýaragly toparyň saklanmagy maksady bilen başladylandygy, ondan soň ýaragly adamlaryň sygynan öýde geçirilen gözleg işlerinde 14 adamyň jesediniň tapylmagy sebäpli operasiýanyň geriminiň giňeldilendigi mälim edildi.
Prokuratura operasiýada mundan başgada jenaýatçylara degişli 1 ulagyň, köp mukdarda ýaragyň we neşe serişdeleriniň ele salynandygyny habar berdi.