Meksikada Şeýnbaumyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny tassykladylar

Meksikada Şeýnbaumyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny tassykladylar

Meksikanyň Saýlaw kazyýeti Klaudiýa Şeýnbaumyň 2-nji iýunda geçen Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny biragyzdan tassyklady. Kazyýet diňlenişigi sosial ulgamdaky sahypasynda göni ýaýlymda görkezildi diýip, Report ýazýar.

Taryhy döretmegi dowam ederis bileleşigi tarapyndan saýlawlarda dalaşgärlik eden Şeýnbaum Pardonyň ýeňşini Saýlaw kazyýetiniň başlygy Moniko Soto Fregoso resmi yglan etdi. Kazy şeýle hem, täze saýlanan Prezidentiň wezipesini 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan 2030-njy ýylyň 30-njy sentýabryna çenli eýelejekdigini habar berdi.

Meksikanyň Milli saýlaw institutynyň saýtynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, Şeýnbaum üçin saýlawçylaryň 59,7594 göterimi ses berdi.

Ýene degişli makalalar

Klaudiýa Şeýnbaum Meksikanyň Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny yglan etdi
Meksika Putini Tussag Etmez
Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
20-nji oktýabr
Sportuň taryhynda şu gün 3-nji oktyabr
77-nji Wenesiýa film festiwalynyň dalaşgärleri