Meksikada polisiýa gullugynyň şefiniň janyna kast edildi

Meksikada polisiýa gullugynyň şefiniň janyna kast edildi

Ýerli metbugatda berilen habara görä Polisiýa razwedkasynyň şefi Milton Morales Figueroa ýurduň paýtagty Mehiko şäheriniň demirgazygyndaky Koakalko şäherçesinde, söwda edýän mahaly ýaragly hüjüme sezewar galdy.

Arkasyna 3 ok degen 40 ýaşyndaky Figueroa wakanyň bolan ýerinde ýogaldy.

Raýatlaryň howpsuzlyk sekretariatynyň başlygy Pablo Waskes waka örän gynanandygyny belläp: "Elhenç hüjümde kärdeşim we dostum Milton Morales Figueroa ýogaldy" diýip habar berdi.

Pablo Waskes jogapkärleriň gysga wagtyň içinde adalatyň öňüne çykmagy üçin ellerinden gelen zady etjekdiklerini habar berdi.

Waka bilen bagly giň gerimli derňew işi başladyldy.

Polisiýa razwedkasynyň şefi Milton Morales Figueroanyň 2022-nji ýylda 600 kg kokainiň ele salynan operasiýa ýolbaşçylyk edendigi mälim boldy.

Ýene degişli makalalar

Pikassonyň nakgaşlyk eseri 24,6 million dollara satyldy
Pablo Pikassonyň eserleri 110 million dollara satyldy
Daniil Medwedew ATP Cup-yň taryhynda ýeňiş sany boýunça iň gowy oýunçy boldy
Pikassonyň eseri BMG gaýtarylyp berildi
Daniil Medwedew indiki hepdeden dünýäniň birinji raketkasy bolar
Türkmen talyby halkara bäsleşikde üstünlik gazandy