
Meksikanyň demirgazyk-günbataryndaky La-Pas kenarýakasynda jahankeşdeleri gezelenç etdirip ýören nawça (kater) iri deňiz jandary bilen çaknyşdy. Ýerli Televisa teleýaýlymynyň habaryna görä, alty adam şikes aldy, olaryň üçüsi hassahana ýerleşdirildi.
Teleýaýlymda görkezilen görnüşlerde nawçanyň nämälim bir deňiz jandaryna baryp urulýandygy, birnäçe adamyň çaknyşyň badyna asmana zyňlyp gidýändigi görünýär, jandaryň urgyny nähili başdan geçirendigi belli däl.
Heläkçilige sebäp bolan jandaryň küýki läheň (kit) ýa-da kit akulasy bolmagy mümkin. Olar birnäçe tonna agramda bolýarlar. Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça sebit edarasynyň hünärmenleri bolup geçen hadysany öwrenýärler. Bu barada “iz.ru” saýty habar berýär.