Meksikanyň Werakruz ştatynuň Prokuraturasy Twitter hasabyndan beren beýanatynda, Kosoleakakedäki El Werza habar saýtynyň ýolbaşçysy Ýessenia Mollinedo Falkoniniň we habarçysy Şeila Johana Garsia Oliweranyň öldürilendigi mälim edildi.
Soňky 2 jenaýat bilen birlikde ýurtda şu ýylyň başyndan bäri öldürilen žurnalistleriň sany 11-e ýetdi.
Serhetsiz habarçylar guramasynyň berýän habaryna görä, ýurtda 2000-nji ýyldan bäri öldürilen habarçylaryň sany 150-den geçdi.
Beýleki tarapdan meksikaly žurnalistler geçen hepde öldürilen žurnalist Luis Enrike Ramires üçin ýurdyň paýtagty Meksiko şäherindäki Içeri işler ministrliginiň binasynyň öňünde protest geçirdiler.