
Meksikanyň demirgazygynda kiçi dükana guralan ýaragly hüjümde 9 adam ýogaldy.
Meksikanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Apaseo del Grande etrapçasynda kiçi dükana ýaragly hüjüm guraldy.
Hüjümde 9 adam ýogaldy, 5 adam hem ýaralandy.
Şaýatlar, hüjümçiniň ilki dükanyň öňündäkilere, soň bolsa daş töwerekde çem gelen ýere od açandygyny nygtady.
Gaçan hüjümçiniň tussag edilmegi üçin operasiýa başladyldy.