Meksikada görülmedik yssy sebäpli maýmynlar şahadan jansyz gaçýarlar

Meksikada görülmedik yssy sebäpli maýmynlar şahadan jansyz gaçýarlar

Meksikany heniz görülmedik jokrama yssy howa basdy diýip, 24KZ ýazýar. Termometriň sütünjigi ähli sebitlerde 45 gradusdan hem ýokary temperaturany görkezýär. Yssy howa zerarly çirkin sesli maýmynlar heläk bolýarlar, olaryň gyrlyp gutarmagy daşda däl. Özem olaryň köpüsi baglaryň şahalarynda oturan ýerinden jansyz patlap, ýere gaçýarlar.

Diňe soňky hepdede Tabasko ştatynda maýmynlaryň 85-si heläk boldy. Galanlaryny ýerli meýletinçiler halas etmek üçin göreşýärler. Olar maýmynlaryň ýaşaýan tokaýyna miweleri we suwly bedreleri eltýärler. Käbirlerini ýörite saklawhanalara eltip, tä doly gutulýançalar ideg edýärler.

Ýene degişli makalalar

Meksikada 155 adam adatdan daşary yssy howanyň pidasy boldy
Meksika we Kanada ABŞ-nyň gümrük salgydy söweşine gaýtawul görkezer
Dünýäniň iň gowy 50 myhmanhanasy
Dünýäniň Çar Tarapynda Palestina Goldaw Ýörişi Geçirildi
Meksikanyň Ilkinji Zenan Prezidenti Kasam Edip Wezipesine Girişdi
'Gorky şalygynda zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär