Meksikada buthananyň üçegi çökdi

Meksikada buthananyň üçegi çökdi

Meksikada buthanalaryň biriniň üçeginiň çökmegi netijesinde 7 adam ýogaldy, 30 adam bolsa harabalyklaryň aşagynda galdy.

Ýerli metbugatda berilen habarlara görä, Sýudad-Maderodaky Santa Kruz buthanasynyň üçeginiň çökmegi sebäpli ýaralanan 10 adam bolsa hassahanada bejergi astyna alyndy.

Kenarýaka ştaty Tamaulipasyň Polisiýa gullugy, wakanyň başdan geçirilen mahaly buthanada takmynan 100 adamyň bolandygyny habar berdi.

Harabalyklaryň aşagynda galanlaryň arasynda köp sanda çaganyň bardygy çak edilýär, gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

DEAŞ-a Agza Terrorçy Stambulda Tussag Edildi
Çarli Çapliniň gyzy Jozefina aradan çykdy
“Hyundai”-niň täze krossoweri
Braziliýadaky tropiki tupan sebäpli 22 adam ýogaldy
Boliwiýada tokaý ýangynlary 1 müň gektar ýeri eýeledi
Kuraş 2023: Jumanyýazow bilen Omirow çärýek finala çykdy