Meksikada 20 müň çörekden mozaika döretdiler

Meksikada 20 müň çörekden mozaika döretdiler

Meksikaly çörekçiler 20689 sany çörek tokgajyndan (buhanka) dünýäde iň uly çörek mozaikasyny ýasadylar, ol 206 metr meýdany tutdy. Bu barada Ginnesiň rekordlar kitaby habar berdi diýip, Interfax.ru ýazýar.

Ýurduň Sakatlan, Puebla munisipalitetlerinden bolan nanbaýlaryň altysyndan düzülen topar dünýäde iň uly çörek bezegini döredendikleri üçin Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi.

Mozaikada adam ystyhanynyň (skeletiniň) däp bolup gelýän La Katrina şekili suratlandyryldy, ol Merhumlar güni dini baýramynyň nyşanydyr.

Ginnesiň rekordlar kitaby nanbaýlara bu täsinlikde ulanan çöreklerini bişirmek üçin iki hepdäniň gerek bolandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň reňkli myhmanhanalary
Çeşme: Lebapda bir aýda ondan gowrak adam öz janyna kast etdi
Hindistan türkmenler üçin meşhur lukmançylyk ugry bolup durýar, emma uçar gatnamaýar
Ýerli din wekilleri gonamçylyklaryň maliýe-guramaçylyk işleriniň düzgünleşdirilmegini soraýar
Ýerli din wekilleri gonamçylyklaryň maliýe-guramaçylyk işleriniň düzgünleşdirilmegini soraýar
Iň ýaş çempion