Meksikada 155 adam adatdan daşary yssy howanyň pidasy boldy

Meksikada 155 adam adatdan daşary yssy howanyň pidasy boldy

Meksikada adatdan daşary howa temperaturasynyň pidalarynyň sany 155 adama deň boldy. Bu barada ýurduň Saglygy goraýyş ministrligi habar berdi diýip, Belta.by ýazýar.

Yssy howanyň pidalarynyň, esasan hem, ýurduň Meksika aýlagynyň kenaryndaky Werakrus ştatynda hasaba alnandygy, ol ýerde 56 adamyň heläk bolandygy aýdylýar. Ondan soň 18 adam pida bolan Tabasko ştaty gelýär.

Meksikanyň Saglygy goraýyş ministrligi golaý günlerde ýurtda çakdanaşa yssy howanyň saklanjakdygyny çaklaýar. Ştatlaryň käbirinde termometriň sütünjigi 45 gradusdan hem ýokary temperaturany görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Lukaşenko: "Goşunymyz ýurtdan çykmaz" diýdi
Waşingtony çabga gark etdi
Şri-Lankada ýöriş wagty azaşan 180 talyp halas edildi
BAE-niň Prezidenti täze howa gaznasynyň döredilýändigini yglan etdi
Gyrgyzystanyň döwlet Baýdagyny üýtgetmek barada kanun taslamasy kabul edildi
Hindistanyň günbatarynda 20 adamy ýyldyrym urdy