Meksikanyň döwlet Ýolbaşçysy Andres Manuel Lopez Obrador, öz ýerine saýlanan Klaudia Şeinbaumyň 1-nji oktýabrdaky işe girişme dabarasyna gatnaşan halatynda Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň tussag edilmegi hakyndaky talabyny kabul etmedi.
Bu barasyndaky talap Ukrainanyň Meksikadaky Ilçihanasynda bildirilipdi.
8-nji awgustda Ukrainanyň Ilçihanasynyň Meksikanyň hökümetine ýüzlenip ýazan hatynda, Putiniň tussag edilmegi islenip, Halkara Jenaýat kazyýetiniň Putin üçin tussag edilme buýrugyny çykarandygyny ýatladylýar. Hatda, Halkara Jenaýat kazyýetiniň, kazyýet ygtyýaryny ykrar edýan ýurtlardan biri hökmünde Meksikanyň borçlaryny ýerine ýetirip, Putini tussag etmelidigi beýan edilýär.
Obrador geçiren metbugat ýognagynda ýurdunyň şol talaby ýerine ýetirmejekdigini nygtap; “Biz ony edip bilmeris. Ol bize bagly däl” diýdi.
Halkara Jenaýat kazyýeti bahar aýlarynda Putin we Russiýanyň çagalar boýunça ombudsmany MAriýa Lwowa hakynda tussag etme hökümini çykarypdy. Kreml kararyň hukuky güýjüniň ýokdugyny, eýsem Russiýanyň Halkara Jenaýat kazyýetiniň esaslanýan Rim statusyna tarap bolup durmaýandygyny beýan edipdi.