Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş

Meksika Gran-prisi: Ferstappenden rekordly ýeňiş

Şu gün Meksikanyň Rodkges awtodromynda Formula-1 boýunça Meksikanyň Gran-prisi geçirildi. 71 aýlawdan ybarat bolan bu ýaryşda möwsümiň çempionlygyny wagtyndan öň özüniňki eden Red Bulluň piloty Maks Ferstappen pellehananyň çyzygyny hemmelerde öň kesip geçmegi başardy.

Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Mersedesiň sürüjisi Lýuis Hemilton we Red Bulluň agzasy Serhio Peres eýelediler. Şeýlelikde, iki gezek dünýä çempiony Maks Ferstappen mösümde 14-nji Gran-pride ýeňiş gazanyp, bu ugurdaky rekordy täzeledi.

Mundan ozalky rekord bir möwsümde 13 Gran-priniň ýeňijisi bolan Mihael Şumaýhere (2004ý.) we Sebastýan Fettele (2013ý.) degişlidi.

Meksika Gran-prisinden soňra, şahsy hasapda Maks Ferstappen (Red Bull) 416 utuk bilen liderligini dowam edýär. Umumy jedweliň 2-nji basgançagynda 280 utuk toplan Serhi Peres (Red Bull), üçünji orunda bolsa 275 utuk toplan Şarl Lekler (Ferrari) barýar. Hasabynda 231 utugy bolan Jorj Rassel (Mersedes) dördünji orny eýeläp duran bolsa, güýçli bäşligi 216 utuk bilen Lýuis Hemilton (Mersedes) jemleýär.

Konstruktorlaryň arasyndaky ýaryşda Red Bull 696 utuk bilen sanawyň öňüni çekýär. Ikinji ýerde 487 utuk bilen Ferrari üçünji ýerde bolsa 447 utuk bilen Mersedes topary ýerleşipdir.

Ýene degişli makalalar

Maks Werstappen ABŞ-nyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy
Mersedes möwsümde ilkinji gezek dubl etdi
Ferstappen Awstraliýa Gran-prisiniň saýlama tapgyrynda ýeňiji boldy
Werstappen Italiýanyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy
Red Bull-dan Peres Singapuryň Gran-prisinde ýeňiji boldy, Werstappen ýedinji
Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler, Brýansk maşyngurluşyk zawody Türkmenistana 5 sany ýük teplowozyny iberdi, noýabrda boljak howa barada