Mekdeplerde “Soňky jaň” kakyldy, Türkmenistanda soňky 12 ýylda uçurymlaryň sany 30 göterim kemeldi

Mekdeplerde “Soňky jaň” kakyldy, Türkmenistanda soňky 12 ýylda uçurymlaryň sany 30 göterim kemeldi

25-nji maýda Aşgabadyň mekdeplerinde “Soňky jaň” kakyldy. Edil geçen ýyldaky ýaly koronawirus çäklendirmeleri bilen ilteşikli dabaralara birinji synp okuwçylary we uçurymlar gatnaşdylar diýip “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary maglumat berýärler. Owallar baýramçylyk ýygnanyşyklara ähli synplaryň okuwçylary gatnaşýardy.

“Türkmenistan: altyn asyr” neşiriniň ýazmagyna görä, 2022-nji ýylda 1875 sany orta we ýörite bilim berýän mekdepleri 82 müňden gowrak uçurym tamamlaýar.

Mekdepleri tamamlaýan uçurymlaryň sany barada döwlet neşirleri mydama maglumat bermeýärler. Ýöne, resmi sanlara görä,uçurymlaryň sanynyň azalýandygy belli.

Mysal üçin, 2020-nji ýylda ýurdyň mekdeplerini 80 müň, 2018-nji ýylda 85 müň, 2017-nji ýylda 85 müň, 2013-nji ýylda 95 müň, 2011-nji ýylda 110 müň, 2010-nji ýylda 115 müň, 2009-nji ýylda 115 müň sany uçurym tamamlady. Şunlukda, soňky 12-nji ýylda uçurymlaryň sany 33 müň adam ýa-da 33 göterim kemeldi.

Şol bir wagtyň özünde,soňky ýyllarda birinji synpa baran çagalaryň sany ep-esli artdy.

Türkmenistanyň mekdeplerine 2021-nji ýylda 161 müň 739 sany, 2020-nji ýylda 159 müň 374 sany, 2019-nji ýylda 153 müň 855 sany, 2017-nji ýylda 142 müň 819 sany, 2014-nji ýylda 109 müň 716 sany we 2011-nji ýylda 100 müň sany çaga birinji synpa bardy.

“Soňky jaň” dabaralary “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen geçmelidi.

Türkmen häkimiýetleri her ýyl meýletin-mejbury ýagdaýda dürli dabaralary gurnap,olara mekdep okuwçylary gatnaşmaga mejbur edilýärler: ýadygärliklere gül goýulýar, köçelerde ýörişler geçirilýär, konsertler we beýleki çäreler gurnalýar.

Şol bir wagtyň özünde, häkimiýetleriň gözegçiligi bolmazdan ýaş adamlaryň ýygnanmaklary gadagan we resmi dabaralardan soňra adamlaryň öýlerine dargamaklygy talap edilýär.

Kafeleriň we restoranalryň eýelerine uçurymlaryň dabaralaryny geçirmek gadagan edilýär.Adatça, mekdep okuwçylarynyň we mugallymlaryň gutardyş dabaralaryny öýlerde gurnaýandyklary barada “ÝuTübede” we beýleki sosial ulgamlarda wideýo ýazgylar goýulýar.The post Mekdeplerde “Soňky jaň” kakyldy, Türkmenistanda soňky 12 ýylda uçurymlaryň sany 30 göterim kemeldi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Maryda gadagan edilen täze ýyl çärelerini çagalar üçin çäkli geçirmäge mümkinçilik berildi
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Üzüm kafesi günortanlyk üçin arzanladyş hepdesini yglan edýär
Eýranda Kafede Bolan Ýangynda 8 Adam Ýogaldy
Türkmenistanyň häkimiýetleri uçurymlar üçin “soňky jaňy” baýram etmek maksatnamany düzdiler
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary