Mekdeplerde okadylýan sapaklar durmuş bilen, dünýä bilen aýakdaş gitmeli synçy

Mekdeplerde okadylýan sapaklar durmuş bilen, dünýä bilen aýakdaş gitmeli  synçy

Apreliň başynda Azatlyk Radiosynyň bilim pudagyndaky çeşmeleri şu ýyl orta mekdeplerde bilim alýan sekizinji synp okuwçylaryň synpdan synpa geçiş synaglaryny tabşyrmajakdyklaryny hem-de olaryň öňümizdäki 2025/2026 okuw ýylynda şol bir okuw maksatnamasyny gaýtalamaly boljakdyklaryny habar berdiler.

Türkmenistanda 2013-nji ýylda orta bilim 12 ýyllyk edileli bäri, şu ýyl ýurduň mekdeplerinde ilkinji gezek 12-nji synp okuwçylar uçurym bolýar.

Sekizinji synp okuwçylaryň synpdan synpa geçiş synaglarynyň şu ýyl ýatyrylmagy, hem-de olaryň öňümizdäki okuw ýylynda üstümizdäki ýylyň okuw sapaklaryny gaýtalamagynyň meýilleşdirilmegi barada Bilim Ministrligi düşündiriş bermeýär.

Bu barada ýurduň resmi, ýarym-resmi köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hem maglumat berilmeýär.

Umumy orta bilim berýän mekdeplerde her ýyl synpdan synpa geçiş synaglary, şeýle-de şu wagta çenli 4-nji we 10-njy synplarda sepgit synaglary geçirilýärdi. Mekdebi tamamlaýan okuwçylar iň soňky okuw ýylynyň ahyrynda jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrýarlar.

Türkmenistanyň bilim ulgamynda bäş basgançak binýatlyk esas hökmünde bellenýär.

• Mekdebe çenli bilim (şol sanda başlangyç bilime taýýarlyk)

• Orta bilim (başlangyç bilim, esasy bilim, umumy orta bilim)

• Orta hünär bilimi (hünär mekdepleri şu basgançaga degişli)

• Ýokary hünär bilimi (ýurduň ýokary okuw jaýlarynda alynýan bilim şu basgançaga degişli)

• Ýokary okuw mekdebinden soňky hünär bilimi (magistratura, aspirantura we ş.m)

Türkmenistanda mekdebe çenli bilimiň soňky bir ýyly, ýagny bäş ýaşly çagalaryň başlangyç bilime taýýarlanylmagy hökmany talap hökmünde girizildi. Şeýle-de, orta bilim döwlet tarapyndan üpjün edilýär we onuň kabul edilip alynmagy hökmany talap bolup durýar.

Ýatlasak, geçen ýylyň noýabr aýynda türkmen we rus magaryf işgärleri Aşgabatda möhüm duşuşyk geçirip, bilim ulgamynda tejribe alyşmagy maslahat etdiler, hususan-da, olar 9-njy synplar üçin Esasy döwlet synagy (EDS) we 11-nji synplar üçin Ýeke-täk döwlet synagy (ÝDS) ýaly synaglary geçirmegiň rus tejribesi boýunça tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Bu aralykda, Türkmenistanyň Bilimi ministrligine görä, soňky bir ýyla golaý wagtyň dowamynda ýurtda hususan-da 12-nji synp mekdep okuwçylary üçin birnäçe okuw kitaplary çap edilipdir.

Dünýä Türkmenleri gepleşigimiziň nobatdaky sany soňky täzelikleriň fonunda Türkmenistanyň bilim ulgamyna gaýtadan nazar aýlamaga synanyşýar.Elbetde, biz bar bolan ähli soraglara jogap tapyp bilmeris, munuň üçin resmi düşündirişler, beýanatlar, iň bolmanda resmi habarlar zerur bolup durýar. Ýöne biz Pragada ýaşaýan türkmen ýazyjysy we synçy Hudaýberdi Hally bilen ýurduň bilim ulgamyndaky özgerişler dogrusynda gürrüň ederis, hem-de bu ugurda öňki ýyllaryň tejribelerine salgylanarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmen döwletliligi 'global öwrülişikleriň bosagasynda' ikinji ýüzýyllyga gadam basýar
Türkmen döwleti 100 ýaşady
Dünýäniň iň özüne çekiji binaly şäherleri
“Azatlykda” özüni tapan’ žurnalist
UEFA Çempionlar Ligasynda 3-nji saýlama tapgyryň 1-nji duşuşyklary geçirildi.
'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?