Aşgabatly mugallym türkmen mekdepleriniň bireýýäm galplyk ojagyna öwrülendigini we bu gürrüňiň hiç kim kim üçin täzelik bolmajakdygyny aýtdy. 'Baha düzediş' möwsümi baradaky habar Azatlykda efire berleninden soň gelip gowşan maglumata görä, ene-atalar bu ýyl okuwa girjek çagalarynyň bahalaryny düzetmek ýa ýokarlandyrmak aladalaryna ýyl başyndan, ýanwar, fewral aýlaryndan başladylar.
Azatlyk bilen gürleşen raýatlar çagalarynyň bahalaryny ýokarlandyrjak adamlaryň synp ýolbaşçylaryna, synag boljak sapaklaryň mugallymlaryna alan gymmat bahaly sowgatlaryny öz çagalaryndan, pul bilen diplom aljak geljekki studentlerden iberendiklerini, bu 'söwdanyň açyk edilýändigini' aýdýarlar.
Sowgat görende ýüzi açylýan mugallymlar olaryň näme üçin berilýändigini soramaýarlar.Bu ýyl diňe gutardyş klaslarynyň okuwçylary däl, eýsem 4-nji klasdan ýokary klaslara geçende gowy baha almak isleýän okuwçylar hem sowgat getirmeli boldy.
Sowgadyň gowy netije berýändigine göz ýetiren ene-atalaryň käbiri klasdan klasa geçýän çagalarynyň baha aladasyny öňräginden edip, mugallymlar bilen arany sazlamak kararyna gelene meňzeýär diýip, ýaşaýan sebitiniň hem agzalmazlygyny soran hünärmen aýtdy.
Onuň pikiriçe, gazanylmadyk baha üçin sowgat berýän ene-atalar çagalaryna ýaşlykdan jogapkärçiliksizligi öwredýärler.
"Çagalar durmuşdaky problemalaryň ählisini ene-atalary we olaryň puly bilen çözüp bolýandygyny görýärler. Bu olara adamlary puluna garap sylamagy öwredýär" diýip, anonimlik şertinde gürleşen hünärmen aýtdy.
Azatlygyň habarçysy bilen aýry-aýrylykda gürleşen ene-atalaryň biri-birinden habarsyz tassyklamagyna görä, synaglarda boljak soraglaryň ählisi, jogaplary bilen, okuwçylara paýlanyp berilýär. Şeýle-de, synaga girjek çagalara ol jogaplary ýazyp almaga, ýanlary bilen klasa alyp girmäge mümkinçilik döredilýär.
Ene-atalaryň käbiri soraglaryň jogaplary ýazylan kagyzlaryň tas ähli okuwça elýeterli bolýandygyny, okuw bilen hiç wagt gyzyklanmadyk çagalara hem ýokarlandyrylan, 'patalokdan alnan' bahalaryň goýulýandygyny aýtdy.
"Eger-de synaga gatnaşýan okuwçy kitapdan göçürmegi hem başarmaýan bolsa, ol okuwçynyň ekzamen listini klasyň ökde okuwçysy doldurmaly bolýar. Şeýlelikde, sapagyna doly gatnaşmadyk, bilimsiz okuwça hem ýokary bahalar goýulýar.
Bu hili mahinasiýalar indi bilimde birnäçe ýyl bäri dowam edýär we hiç kime gizlin däl.Attestaty düzetmek üçin her sapagyň bahasy bar, bu işe ortaça, sowgatlardan daşary, 500 dollar çemesi serişde harçlanýar" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Şeýle-de ol baý, gurply ýa täsirli adamlaryň çagalarynyň esasan saglyk, hukuk ugrundan ýokary bilim diplomyny almaga ýykgyn edýändigini aýtdy. “Göz, bilimiň, öz güýjüň bilen, pulsuz hem okuwa girip bolýar diýdirmek üçin, ýönekeý maşgalalardan hem birnäçe okuwçy ekzamenden geçirilýär" diýip, ýerli hünärmen aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, mugallymlaryň sowgat almagy, parahorlugyň çagalar baglarynyň ýolbaşçylaryndan başlap, mekdep ýolbaşçylaryna çenli giňden ýaýramagy 2007-nji ýyldan soň has güýçlendi.
Synçylar magaryf ulgamynda güýçlenen parahorlugyň sebäbini esasan aýlyklaryň azlygy bilen düşündirýärler.
“Mugallymlaryň aýlyklary Berdimuhamedow prezident bolan döwründe ýokarlandy, ýöne indi ol aýlyklar hiç zada ýetmeýär, okuw sagatlaryny köpeltmek üçin mekdep direktorlaryna yzygiderli para bermeli bolýar, gelýän barlagçylar üçin hem pul toplanýar" diýip, bir pedagog aýtdy we durmuşyň ýokarlandyrylýan aýlyklara garanda has çalt gymmatlaýandygyny hem sözüne goşdy.
Onuň tassyklamagyna görä, direktora para berýän mugallymlar arkaýyn bolup, okuw sagatlarynda okuwçylarynyň bilim-düşünjesini ýokarlandyrmaga düýbünden üns bermeýärler. Okuwçylaryň öý işlerini edip-etmänini barlamaýan, kitapdan depdere bir zatlary göçürmegi tabşyryp, sapagyny idili geçmeýän, diňe okuwçylaryň ýuwaş oturmagyny talap edýän mugallymlar hem az däl.
“Bahalar esasan okuwçylaryň tertibine we ene-atalarynyň kärine, işleýän wezipesine garalyp goýulýar. Ýöne mekdepde jan edip okaýan çagalar hem bar. Olary esasan gelýän barlaglaryň öňünden çykarmak, klaslardaky okuwçylaryň hakyky bilim ýagdaýyny ýaşyrmak üçin ulanýarlar" diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Lebapdaky habarçymyz bilen anonimlik şertinde gürleşen okuwçylar, mugallymlar, ene-atalar mekdebiň indi bilim-düşünje berilýän ýerden pul çöplenýän ýere öwrülendigini aýtdylar.
“Sentýabr aýyndan başlap, tä maý aýyna çenli, her aýda azyndan bir gezek mugallymlar, müdir ýa onuň orunbasarlary her hili zat üçin pul toplaýar.Sentýabr aýyndan tä oktýabr aýynyň ortasyna çenli aralykda bolsa, synp žurnallaryny satyn almak üçin pul jemlenýär.
Bu ýyl her okuwçydan 20 manat pul toplandy.Meniň ejem mugallym bolup işleýär we aslynda žurnallar döwlet tarapyndan üpjün edilmeli diýýär.Sentýabr-dekabr aýlarynda okuwçylar mekdebiň çäginde guralýan bizar ediji ýowara gatnaşdyrylýar.
Oglanlar ýer depmeli we şuňa meňzeş beýleki işleri etmeli.Olar bu işler üçin zerur bolan iş gurallaryny, pil, kätmen, orak ýaly zatlary ýa öýlerinden getirmeli, ýa-da satyn almaly bolýarlar.
Meniň matematika mugallymym: “Kime gowy baha gerek bolsa, maňa derek pagta gitse, çärýekligine bäşlik goýjak” diýip, utanman, açyk aýdypdy.Muňa razy bolan ikilikiçilerimiz hem boldy” diýip, Çärjew etrabynyň 33-nji mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
Onuň sözlerine görä, mekdep müdiriniň ýa-da okuw işleri boýunça orunbasaryň doglan güni üçin şu ýyl her bir okuwçydan 5 manatdan pul jemlediler.
“Meniň synp ýolbaşçym mugallymçylygyň gapdalyndan mata söwdasy bilen meşgullanýar. Synpdaş gyzlarym mugallyma gowy görnüp, çärýek bahalaryny bäşlik etdirmek üçin, onuň satýan matalaryndan satyn alýar. Ýaz aýlary gelende, synpy abatlamak, otaglara kondisioner almak ýaly zatlar üçin hem pul toplanýar. Sanasaň, yzy gutarmaz” diýip, Çärjew etrabynyň 33-nji mekdebiniň okuwçysy aýtdy.
Köýtendag etrabynyň Mukry obasynda ýaşaýan bir erkek mekdepde üç oglunyň okaýandygyny aýtdy.
“Para gündelik durmuşyň bir bölegine öwrüldi. Oňa hiç kim geň galmaýar. Şu ýyl bir oglum 11-nji synpy gutarýar. Ony Belarusiýa okuwa ugratjak. Atestatyny oňartmak üçin ýedi goýnumy satmaly boldum. Dagy näme edeli?” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran raýat aýtdy.
Onuň sözlerine görä, mekdeplerde mugallym ýetmezçilik edýär. Işe gelmeýän, ýöne mekdepden aýlyk alýan adamlar hem bar.
“Mugallymlaryň käbiri işe diňe barlag geljek diýlende gelýär.Sapagyny gowy okadýan mugallym hem az.Okuwçylara-da geregi şol.Işiginde mal saklaýan hojalyklaryň çagalary begenip, mugallym ýok diýip, mallaryny baksa, beýlekileri öýlerinde oturyp, telefon oýnaýar. Öňki döwrüň okatjak bolup jan edýän mugallymlary galmady.
Türkiýede okap gelen bir ýaş mugallym bardy.Fizikadan okadýardy.Sapagyna ökde diýýärdiler.Emma ol hem arada bar zadyny satyp, ýurtdan çykyp gitdi” diýip, mukryly söhbetdeşimiz mekdepde öz geçýän dersini bilmeýän, bilýän zadyny hem öwredesi gelmeýän mugallymlaryň öňki ýyllardaka garanda köpelendigini öňe sürdi.
Şeýle-de ol kiçi oglunyň iňlis dilini öwrenmäge höwes edýändigini, ony Türkmenabada ugratjak bolýandygyny gürrüň berdi. “Näme diýilse-de, şäherde okuw merkezleri bar. Para berenimden, şol ýerde okadaýyn diýýän” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.
“Şu ýyl meniň synpymdan 5 okuwçy 4000 manatdan para berip, umumy bilim hakyndaky şahadatnamalaryny oňartmaga başlady. Mugallymlar bu işde bireýýäm ussat boldy” diýip, Dänew etrabynyň 2-nji mekdebiniň mugallymy aýtdy.
Onuň sözlerine görä, mekdep müdirleri, olaryň orunbasarlary we bilim müdirliginde işleýänleriň aglabasy parahor.
“Sentýabr aýyndan dekabr aýyna çenli, her hepde 50 manatdan aşyryp pul toplaýarys. Türkmenabadyň “Altyn Pagta” edarasy bilim müdirligine her aýda pagta üçin toplanmaly puluň möçberini ugradýar. Soňra her mekdebiň her aýda pagta üçin näçe manat pul jemlemeledigi kesgitlenýär” diýip, dänewli mugallym aýtdy.
Şeýle-de ol öz okuw esbaplary, beýleki zerurlyklary üçin edýän çykdajylarynyň 2300 manatda has kändigini, ýöne Türkmenabat şäherinde işlemeýändigi üçin biraz şükür edýändigini, sebäbi ol ýerde barlag gelýär diýip alynýan puluň has kändigini gürrüň berdi.
“Hökümet mugallymlara şert döretmän, diňe talaby artdyrýar” diýip, dänewli mugallym aýtdy.
Mekdeplerde dörän agyr ýagdaý mümkinçiligi bolan ene-atalaryň çagalaryny özbaşdak, goşmaça okatmak üçin edýän tagallalaryny köpeldýär, düşünýän adamlar süýşüp gelýän sowatsyzlyk belasyndan öz güýçleri bilen gutuljak bolýarlar diýip, bir mugallym aýtdy. Ýöne ol munuň köp ene-ata üçin mümkin däldigini hem sözüne goşdy.
Azatlygyň habarçysy çagalara şahsy töleg esasynda sapak berýän mugallymlaryň kesýän nyrhlary bilen hem gyzyklandy.
Türkmenabat şäherinde matematikadan öýünde goşmaça sapak berýän mugallymlar her okuwçyny aýyna 400 manada okadýarlar. Indiwidual sapak alýan okuwçylar sagadyna 30-40 manat töleýärler. Himiýa dersi üçin aýyna 200 manat, indiwidul sapak üçin sagadyna 15-20 manat; Fizika dersi aýyna 250 manat, sagadyna 20-25 manat bahalanýar diýip, habarçy aýtdy.
Lebap welaýatynyň baş bilim müdirliginiň hünärmeni anonim söhbetdeşlikde “Soňky ýigrimi ýylda Türkmenistanda ýokary okuw jaýlaryny gutaran adamlaryň köpüsiniň öz işini bilmeýändigi, ýa-da juda ýaramaz bilýändigi aýdylýar bu dogrumy?” diýlen soraga jogap berdi.
Onuň sözlerine görä, öz ugruny gowy bilýän ýaş mugallymlar gaty az.
“Geň ýeri, olaryň aglaba bölegi Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryny gutaran hünärmenler. Şeýle-de, olaryň köpüsi okuwçy döwründe ýöriteleşdirilen mekdepleri tamamlan, okuwçy we talyp döwründe dürli hili ders bäsleşikleriniň ýeňijileri bolan ýaşlar… Gürleşseň, dürli sebäplere görä daşary ýurda okuwa gidip bilmän, mejbury Türkmenistanda okamaly bolandygyny aýdýan ýaşlar” diýip, söhbetdeşimiz bu ýaşlaryň birnäçe ýyl işläp, mümkinçiligi bolsa, daşary ýurtlara işlemäge gidýändigini aýtdy.
Aýdylmagyna görä, ýokary okuw jaýyny tamamlanyndan soň iki ýyl işlän ýaşlar, öýlenmedik bolsalar, eline diplomyny alan badyna ýurtdan gaçmagyň aladasyny edip başlaýar.
Hünärmen Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlaryny tamamlan ýaşlaryň köpüsiniň öz ugrundan baş çykarmaýandygyny aýtdy.
“Mugallymçylyk ugrundan okan “hünärmenleriň” pedagogik ukyp-başarnyklary ýok diýerlik derejede.Olaryň aglabasy synpyň öňünde duryp, sapak bermäge gorkýar.Mekdep müdirleri “Panorama” sapaklaryny bermäge mejbur edip, olaryň gowşaklygyndan peýdalanyp, para alýarlar. Ýöne daşary ýurt jaýlarynda okap gelen talyplaryň arasynda hem öz işini gowy bilmeýäni az däl.
Daşarda okanlaryň has zehinlileri okan ýerinde galýar, ýa-da yzyna geleninden soň, ýurtdaky ýagdaýy görüp, ýene daşary ýurda gaçmak bilen bolýar” diýip, bilim hünärmeni aýtdy.
Şeýle-de ol türk ruhanysy Fethulla Gülen bilen bagly wakalardan soň Türkiýede we beýleki ýurtlarda okap gelen mugallymlaryň ýagdaýynyň gaty kynlaşandygyny, olaryň arasynda soraga çekilip, gorkuzylyp, türme basylan pedagoglaryň hem bolandygyny belläp, bu hili çemeleşmäniň örän zyýanly bolandygyny öňe sürdi.
Türkmenabadyň zähmet biržasynda işleýän hünärmen bilim pudagynda emele gelen ýagdaýyň görlüp-eşidilmedik kadr gytçylygyny döredendigini aýtdy.
“Şu wagt welaýatda kadr ýetmezçiligi problemasynyň nähili derejä baryp ýetendigini bilseň, ýüregiňi tutanyňy duýman galarsyň. Elektrikler, santehnikler, inženerle, hasapçylar… ýetenok. Emma muňa üns berýän adam ýok. Para bermeseň, işe almaýarlar. Parasyz işe alynýan ýerler hem bar, ýöne ol işlerde 1200-1500 manada gije-gündiz, edil gul ýaly işlemeli” diýip, zähmet biržasynyň işgäri aýtdy.
Ýerli synçylaryň we ene-atalaryň gürrüň bermeklerine görä, mekdepdäki parahorlukda esasy 'göreldäni' hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri görkezýär.
"Hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň çagalary hem para bilen okaýarlar.Bu ýerdäki para zynjyry üznüksiz diýsem, ulaltma bolmaz.Hukuk goraýjylaryň çagalary ýurduň iň atly mekdeplerinde okaýarlar, ol ýerlerde ähli mesele pul, para bilen çözülýär.
Hukuk goraýjylar öz çagalaryny okadýan mugallymlaryň goragyny üpjün edýärler.Eger-de mugallymlaryň işinde bir problema ýüze çyksa, ol bir telefon jaňy bilen çözülýär. Şu sebäpden, hukuk goraýjylaryň, häkimlik işgärleriniň çagalaryny okatmak ugrunda mugallymlaryň arasynda ýaryş gidýär diýsek-de bolar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi bilimdäki korrupsiýanyň ýyl-ýyldan çuňlaşýandygyna ünsi çekdi.
Onuň tassyklamagyna görä, haýsy mugallym mekdep direktoryna öňürti pul berse, 'elita' diýilýänleriň çagalary, 'saýlama okuwçylar' şol mugallyma berilýär.
“Çagalara ýaşlykdan parahorlygy öwredýärler. Mekdebi para, pul, sowgat berip tamamlan çagalar ýokary okuw jaýlarynda hem para bermeklerini, bahalaryny pula düzetmegi dowam etdirýärler. Netijede, olar öz alýan hünärlerini öwrenmeýärler, gitdigiçe kän bilimsiz, diplomly adam ýetişdirilýär” diýip, Azatlygyň ýene bir söhbetdeşi bilimdäki ýagdaýyň 'hakykatdan hem agyrdygyny' tassyk etdi.
Onuň pikiriçe, bilimsiz, para beren çagalaryň okuw jaýlaryna köp alynmagy okajak, hakyky hünär öwrenjek çagalaryň öňünde hem uly kynçylyklary döredýär.
Diňe bilimde däl, iş bazarynda hem parahorluk kök urdy, ýönekeý işlere girmekden başlap, ýokary, jogapkärçilikli wezipelere ýerleşmek, ol ýerde saklanmak üçin hem pul gerek. Şu sebäpden, goly ýuka maşgalalaryň çagalary ne okuwa, ne-de gowy işlere girip bilýär. Bu ýagdaý adamlaryň oturan-turan ýerlerinde bir nakyly "Berim gökden ýol ýasar” diýen atalar sözüni köp gaýtalamagyna sebäp bolýar.
Azatlygyň söhbetdeşleriniň käbiri para berseň, Türkmenistanda tas ähli meseläni çözüp bolýandygyny öňe sürýär.
"Şahsyýet kultundan soň para, pul kulty döredi. Bu kult uly adamlary-da, ýaşlary-da bozýar. Çagalaryň tertibi gaty üýtgeýär. Birek-birege bolan sylanyşyk ýitip barýar” diýip, pensiýa çykan pedagog aýtdy.
Onuň pikiriçe, çagalaryna ýaşlykdan daşary ýurt dilini öwreden, gowy terbiýe beren adamlar hem bar.
"Çaganyň dil öwrenmegi ýa-da beýleki sapaklary gowy özleşdirmegi üçin ýörite mugallym tutmaga ähli ene-atanyň güýji ýetmeýär. Ýöne öň türkmen-türk mekdeplerinde okan çagalaryň bir toparynyň daşary ýurtlara çykmagy, baran ýerlerinde gowy işlerde işläp, gowy pul gazanmagy köp ene-ata üçin görelde boldy” diýip, öňki mugallym aýtdy.
"Şu sebäpden çagasyna dil öwredip, olary daşary ýurda okamaga iberjek bolýan köpelýär. Ýöne ýurtda okuw okap, kellesini agyrdasy gelmeýän, para berip, çärä gatnaşyp, boş diplom almak isleýän has kän.”
Howpsuzlyk aladalary sebäpli adynyň aýdylmazlygyny soran ýaşuly raýatyň pikiriçe, bilim-düşünjäniň pese gaçmagy, bilimli ýaşlaryň ýurtdan gitmegi we bilimsiz, galp diplom alan adamlaryň ähli ugurda köplük bolup galmagy ýurt bähbidine bolup bilmez.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.