
Bilim edaralarynda dowam edýän okuw ýyly ahyrlap barýan mahaly, orta mekdeplerde abatlaýyş işlerine niýetläp, ene-atalardan pul ýygnalyp başlandy. Azatlyk Radiosynyň habarçylary Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda birnäçe ýaşaýjy bilen gürrüňdeş bolup, şeýle talaplaryň hojalyklara ýetirýän täsirleri barada maglumat toplady.
“Biziň çagalarymyz Tejen şäherçesindäki 3-nji we 5-nji orta mekdeplerde bilim alýar. Mugallymlar mekdepleriň diwarlaryny abatlamak üçin, her bir okuwçydan 200 manat pul getirmegi talap edýär” diýip, tejenli maşgala aýdýar.
Başga bir maşgaladan üç çaga orta mekdebe, bir çaga çagalar bagyna gatnaýar. Olar abatlaýyş we abadanlaşdyryş işlerine niýetläp, ýokary synplardan 300 manat, kiçi synplardan 200 manat, çagalar baglaryna gatnaýan körpelerden bolsa, 150 manat möçberinde pul serişdeleriniň soralýandygyny aýdýarlar.
“Men bilim we terbiýeçilik edaralaryna gatnaýan çagalarymyň her haýsyna mekdepleriň remontyna diýip, pul berjek bolsam, bu 1050 manat bolýar” diýip, ene-atalar hasaplaýar.
Şeýle talaplar, hususan-da, üpjünçiligi pes hojalyklaryň güzeran şertlerini agyr güne salýar.
“Onsuz hem çagalaryň iýjegi we geýjegi gaýgy. Men ýöne boş goýmaryn, olar öz synpdaşlarynyň arasynda utanmaz ýaly, dört çagama jemi 200 manat pul bererin. Şondan artyk pul bermäge ýagdaý ýok” diýip, tejenli ata aýdýar.
Ol özüniň şeýle niýetini mekdep müdirine düşündirip aýdypdyr, egin-eşiklere, aýakgap satyn almaga zordan pul ýetirýändigini gürrüň beripdir.
Türkmenistanda aglabasy esasan sowetler döwründe bina edilen mekdepleriň abatlaýyş işlerine niýetlenip, her ýyl ene-atalardan pul ýygnamak tejribesi saklanyp galýar. Bu ýagdaý mugallymlary hem mekdepleriň remont işlerine çekýär.
Tejenli atanyň arzyny diňlän mekdep müdiri, bu pullary az görüp, çärýeklik bahalar jemlenende, biz tarapdan hem kömege garaşma’ diýip, onuň teklibini kabul etmändir.
Ol onsuz hem çagalaryny ýokary okuw jaýlaryna salmak aladalarynyň ýokdugyny, mekdeplerde berilýän bahalara özleriniň biparh garaýandygyny aýdypdyr.
Hojalyk üpjünçiligi we mekdepleriň remonty“Biziň çagalarymyzyň üpjünçiligi gaýgy, bular mekdebiň remontyna pul soraýar. Ýokary okuwa salmak barada-ha asla pikir hem edemizok, näme baha goýsaňyz, goýuberiň diýip, müdiriň otagyndan çykyp gaýtjak boldum welin, ol meni saklap dur entek, garaş, gaty gyzma ekeniň, dört çagaňa 300 manat beräý diýip, meni köşeşdirjek boldy” diýip, tejenli ata aýdýar.
Ol özüniň entek 200 manady köp görýändigini, şony artdyryp-süýşürmegiň hem alada bolandygyny aýdýar. Mekdep müdiri ahyrsoňy onuň teklip eden puluna razy bolupdyr, ýöne bu ýagdaý barada mugallymlaryň ýanynda dil ýarmazlygy tabşyrypdyr.
Ene-atalar bu puly esasan çagalar mekdepde kemsinmesin, beýleki çagalaryň ýanynda utanmasyn diýip çykarmaga razy bolandyklaryny aýdýarlar.
Synçylar mekdepleriň hemmeleri bir aýakdan sürüp, abadanlaşdyryş işlerine niýetläp, ene-atalardan pul goşantlaryny mejbury talap hökmünde girizmeklerini sorag astyna alýarlar.
“Bu barada hiç ýerde, hiç kimiň ýanynda aýdaýma, onsoň, ähli ene-atalar şeýdip, az berjek bolarlar” diýip, mekdep müdiri ene-ata berk tabşyrypdyr.
Olar şeýle talaplaryň özlerine goşmaça çykdajy bolýandygyny, güzeran şertleriniň onsuz hem pes bolandygyny aýdýarlar.
Azatlyk Radiosynyň habarçylary bilen aýry-aýrylykda gürrüňdeş bolan beýleki bir ene-ata ýokary synplarda okaýan çagalaryny ýokary okuw jaýlaryna salmagy meýilleşdirýändiklerini, şonuň üçin mekdep bilen sazlaşykly aragatnaşygy saklamak maksady bilen, remont üçin 300 manat möçberinde goşant goşandyklaryny aýdýarlar.
“Bolmasa, çagalarymyzyň çärýeklik bahalary pes bolar” diýip, ene-atalar aýdýar, ýöne olar okuwçylaryň çärýeklik bahalarynyň pul töläp gowulandyrylmagynyň aňyrsynda ýatan sebäpleri soraga çekmeýär.
Bilim kanunçylygy okuwçylaryň bilim derejesine, sowatlylyga we ukyp-başarnyklara adalatly baha berilmegini talap edýär.
Bu aralykda, käbir ene-atalar mekdepleriň abatlaýyş işlerine asla pul bermek islemeýändiklerini aýdýarlar.
“Biziň öz ýaşaýan jaýymyza-da remont gerek, 10 ýyldan bäri ýaşap oturan jaýymyza boýag çalyp bilemizok, onsoň nädip mekdebiň boýagyna pul bermeli, biziň özümiz häzir kömege mätäç” diýip, ene-atalar aýdýar.
Bilim resmileri bu barada beýanat bermegi zerur hasaplamaýar.
Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň bilim müdirliginden resmi teswir alyp bilmeýär.
Türkmenistanyň döwlet media serişdelerinde we elektron neşirlerde şeýle meseleler gozgalmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.