Mekdep resmisi ýaş pälwanyň ölümini onuň dişini sogurtmagy bilen ilteşdirýär

Mekdep resmisi ýaş pälwanyň ölümini onuň dişini sogurtmagy bilen ilteşdirýär

Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň bir resmisi mekdep okuwçysynyň biwagt ölümini onuň dişini sogurtmagy bilen ilteşdirýär. Bu barada Turkmen.news habar berýär.

Golaýda Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy, Ahal welaýatynyň bir sport mekdebiniň okuwçysy 14 ýaşly Süleýman Tursunbaýewiň biwagt ölümi barada habar berildi. Ýaş türgeniň ölümine onuň bir ýaryşdan soň, näbelli adamlar tarapyndan urlup-ýenjilmeginiň netijesinde alan agyr şikesleriniň sebäp bolandygy aýdyldy.

18-nji fewralda Turkmen.news neşiri mekdep-internatynyň resmilerinden okuwçynyň ölümi barada telefon arkaly maglumat almaga synanyşdy. Neşir özüni mekdep resmilerine türkmen kanun goraýjy edaralarynyň bir wekili diýip tanyşdyrypdyr.

Mekdep okuwçynyň ölümini tassyklaýar, ýöne onuň ölüminiň mümkin bolan sebäpleri boýunça öz wersiýasyny öňe sürýär.

Telefon söhbetdeşliginde özüni direktoryň okuw işleri boýunça orunbasary Şemşat Orazkuliýewa diýip tanyşdyran mekdep resmisi Süleýmanyň dişini sogurdanyndan soňra, köp gan ýitirip, näsaglandygyny we öýüne ugradylandygyny, soňra-da özlerine okuwçynyň ölüm habarynyň gelip gowuşandygyny öňe sürdi.

“[Süleýman Tursunbaýew] dişini sogurdýar, saglyk öýüne gidip. Dişini sogurdansoň hem dişi ganaýar. Bir gün umumy ýaşaýyş jaýynda ýatýar. Ertesi güni lukmanlar [ony] hossarlary bilen öýlerine ugradýar. Onsoň, welaýatda-da ýaramandyr, ýogaldy diýip, bärik habar edýärler” diýip, mekdep resmisi Turkmen.news neşirine gürrüň berdi.

Ýaş türgeniň ýaşaýan ýeri onuň tälim alýan mekdebinden 500 kilometr töweregi aradaşlykda ýerleşýär.

Şeýle-de, mekdep resmisi Süleýmanyň dzýudo däl-de, erkin göreş ugry boýunça tälim alýandygyny habar berdi.

Wakanyň beýleki bir wersiýasyna görä, Süleýman Tursunbaýew Ahal welaýatynda geçirilen bir sport bäsleşigine gatnaşýar.Bäsleşikde oňa öz garşydaşyndan ýeňilmek yşarat edilýär. Ýaş türgen bu yşaratlara ýa düşünmän, ýa-da boýun egmän, garşydaşyndan üstün çykýar we çempion bolýar. Ýaryşdan soňra näbelli adamlar ony aýdylmaýan bir ýere äkidip, urup ýençýärler. Ýaş ýetginjek urgulardan alan agyr şikesleriniň netijesinde Köneürgenç etrabynyň bir hassahanasynda aradan çykýar.

Mekdep resmisi ýaş türgeniň bu golaýda sport bäsleşigine gatnaşandygy baradaky maglumatlary ret etdi. Ol 2020-nji ýylyň sentýabr aýyndan 2021-nji ýylyň ýanwar aýy aralygynda pandemiýa sebäpli Türkmenistanyň içinde sport bäsleşikleriniň ýatyrylandygyny öňe sürdi.

“Sentýabr aýynyň 1-den häzirki wagta çenli […] Türkmenistanyň içinde [we] daşynda ýaryş geçenok. [20]20-nji ýylda [Süleýman] iki sany ýaryşa gatnaşypdyr” diýip, mekdep resmisi aýtdy.

Ýöne döwlet eýeçiligindäki “Türkmen sporty” gazetiniň habarlaryna görä, noýabr we oktýabr aýlarynda sportyň dürli görnüşleri, şol sanda basketbol, woleýbol, gandbol, otuň üstünde oýnalýan hokkeý, küşt, şaşka we düzzüm ýaly oýunlar boýunça Aşgabatda we ýurduň beýleki künjeklerinde mekdep okuwçylarynyň arasynda dürli sport ýaryşlary geçirilipdir.

Ýöne Ahal welaýatynyň ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan sport mekdep-internatynyň resmisi öz sözlerini aýdyňlaşdyryp, öz mekdeplerinde pandemiýa döwründe diňe türgenleşiklere dowam etdirilendigini, mekdep okuwçylarynyň içerki we daşarky ýaryşlara gatnaşdyrylmandygyny aýtdy.

“Sentýabr aýyndan fewral aýynyň häzirki wagtyna çenli karantin sebäpli mekdebiň içerki we daşarky hiç hili ýaryşlary geçirilenok. Ýoldaşlyk duşuşygy hem ýok, gadagan edildi ol zatlar” diýip, mekdep resmisi aýtdy.

Özlerini Süleýmanyň hossarlary diýip tanyşdyran Tursunbaýewler jübütiniň sosial mediada paýlaşylan wideo ýüzlenmesi ýaş sportçynyň urlup-ýenjilendigini we onuň urgulardan alan agyr şikesleri bilen aradan çykandygyny aýtdy. Ene-ata öz wideo çykyşlarynda jenaýatçylaryň tapylmagyny we olaryň agyr jezalandyrylmagyny talap etdiler.

Bu aralykda, ýaş türgeniň ölümi baradaky habarlaryň fonunda Azatlyk Radiosynyň habarçysy 17-nji fewralda Mary welaýatynyň sport mekdeplerinde häkimiýetleriň maglumata gözegçiligi güýçlendirýändiklerini habar berdi.

Ýaş türgeniň gümürtik şertlerdäki ölümine daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmen aktiwistleri we oppozisiýa wekilleri sosial media arkaly berk reaksiýa görkezýär.

Turkmen.news neşiriniň habaryna görä, ABŞ-da ýaşaýan türkmen aktiwistleri 19-njy fewralda BMG-niň Nýu-Ýorkdaky baş binasynyň öňünde protest aksiýasyny geçirmegi meýilleşdirýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysy şeýle çäreleriň Türkiýäniň Stambul şäheriniň “Taksim” meýdanynda-da geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini habar berýär.

Azatlyk Radiosy ýaş türgeniň ölüminiň töweregindäki habarlary hem-de bu boýunça türkmen aktiwistleriniň geçirmegi meýilleşdirýän protest aksiýalaryny ýakyndan yzarlaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň gizlinligini doly kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Halkara festiwalyň çäginde türkmen artistleri Ak gämi atly sahna eseri bilen çykyş etdiler
15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Salam, Ak gämi, ýa-da Çingiz Aýtmatowyň powesti Aşgabat sahnasynda
“Ak gämi” ak menzillerde