Mekdep okuwçylarynyň arasynda howanyň üýtgemegi temasynda surat çekmek boýunça bäsleşik yglan edildi

Mekdep okuwçylarynyň arasynda howanyň üýtgemegi temasynda surat çekmek boýunça bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurduň mekdep okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawyň üýtgemegi bilen bagly temada Tebigat gözelligi — 2030 atly surat çekmek bäsleşigini yglan edýär.

Mekdep okuwçylary özleriniň A4/A3 formatly kagyz ýüzüne çeken surat işlerini 1-nji noýabrda çenli Aşgabat şäheriniň Galkynyş köçesiniň 25-nji jaýynda ýerleşýän Halkara gatnaşyklary istitutyna tabşyrmalydyr. Suratyň arka ýüzünde awtoryň ady, familiýasy, okaýan mekdebiniň salgysy, synpy we telefon belgileri görkezilmelidir.

Bellenişi ýaly, häzirki wagtda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik wekilhanasy Beýik Britaniýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ilçihanalary bilen bilelikde ýurduň sebitlerinde howanyň üýtgemegi bilen bagly maslahatlary guraýar. 3-nji noýabrda Aşgabatdaky Arçabil myhmanhanasynda bu çäreleriň jemleýji maslahaty guralar.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlar maslahata gatnaşyp, ýadygärlik sowgatlaryna eýe bolarlar. Bu barada Orient ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Elektron wizalar, Türkiýede durmuş guran aýallara ýurtdan çykmaga rugsat berilmegi oňyn ädim synçy
Mergen Orazow: Şabab Al-Ahli bilen bolan duşuşykda kemçiliklerimizi gördük
Türkmenistanly samboçylar ýaşlaryň arasyndaky dünýä çempionatynda dört medal gazandylar
Aşgabatda IV Halkara teatr festiwaly geçiriler
Türkmen diplomaty Dragon Oil-iň täze nyşanynyň tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşdy
Brýusselde Belgiýa-Türkmenistan parlamentara dostluk toparynyň ilkinji duşuşygy geçiriler