Orta bilim berýän hem-de ýöriteleşdirilen mekdepleriň 9-11-nji synp okuwçylarynyň gatnaşýan ders bäsleşigi dowam edýär. Aň-bilim bäsleşigi, däp bolşy ýaly, birnäçe tapgyrlarda geçirilýär. Bu bäsleşige 2017-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda badalga berildi.
10-11-nji ýanwarda mekdebiň çäklerinde geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri etrap derejesindäki tapgyra gatnaşarlar. Ol tamamlanansoň, fewralda paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde guraljak indiki tapgyra taýýarlyk görmäge başlanylar. Mart aýynda ders bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirilip, ol her taraplaýyn bilimli we maksada okgunly türkmen okuwçylaryny kesgitlär.
Ders bäsleşigi okuw dersleriniň on ugry: fizika, matematika, informatika, himiýa, biologiýa, türkmen, iňlis we rus dilleri, taryh we geografiýa boýunça geçirilýär.
Her tapgyrda ýokary synp okuwçylarynyň bilimine hatarynda abraýly terbiýeçiler bolan ýörite topar baha berýär. Okuwçylaryň mugallymlarynyň pikirine görä, bilim ulgamynyň özgerdilmeginiň, okuwlara täzeçil öwrediş usullarynyň hem-de multimediýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň netijesinde mekdep okuwçylarynyň bilim derejesi ýokarlanýar, olaryň dünýägaraýşy giňeýär, degişlilikde bolsa bäsleşigiň ders tapgyrlarynda çagalaryň gyzgalaňly çemeleşiş derejesi artýar.
Mälim bolşy ýaly, döwlet we halkara ders bäsleşikleriniň ýeňijileri Ýokary we ýörite orta okuw mekdeplerine girmekde artykmaçlykdan peýdalanýarlar.
5-nji ýanwarda badalga alan we däp boýunça ähli welaýatlarda hem-de paýtagtymyzda guralan bilim ulgamynyň işgärleriniň maslahatlarynyň barşynda mekdep okuwçylarynyň aň-bilim we döredijilik taýdan ösüşini höweslendirmek, daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek, häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak boýunça işleriň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar.