Mekdep mowzugy türkmen nakgaşlarynyň döredijiliginde giňden beýan edilendir

Çeperçilik sugaty muzeýinde täze okuw ýylyna bagyşlanan sergi açyldy.Ol Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýewgeniýa Adamowanyň belli 1-nji sentýabr“ atly işi bilen açylýar. Ýewgeniýa Mihaýlowna möhüm wakanyň öňýanyndaky maşgala gatnaşyklaryndan bir pursady beýan edipdir.

Suratyň baş gahrymany-birinji synpa gidýän gyzjagazyň begenjiniň çägi ýok.Onuň ejesiniňem ýüzi-gözi gülüp dur, oňa buýsançly bakýan oglan jigisem begenýär. Ýöne uýajygy welin gussaly görünýär: owadan eşik geýlip, kitap-depderlerden, beýleki zatlardan doly bukja-da onuňky däl, mekdebe-de ol däl-de, dogany gidýär.

Waka bagly-bakjaly howluda bolup geçýär.

Ýewgeniýa Adamowanyň eseri biziň her birimiz barada: bizem bir wagtlar ilkinji mugallymymyz we synpdaşlarymyz bilen duşuşyga howlugyp, tolguna-tolguna mekdebiň bosagasyndan ätläpdik ýa-da öz çagalarymyzy mekdebe äkidipdik.

Mugallymlar, mekdep we bilegigeliji, garagolja çagalar hakdaky suratlaryň arasynda Pýotr Tutinasowyň Ertir mekdebe“ atly işi has-da saýry gelýär.Yssy tomus yzda galdy, birneme ekezlenen, Güne gaýzygan çagalar täze okuw ýylyna taýýarlyk görýärler.

Nakgaş yhlas edip mekdep eşigini ütükläp duran gyzjagazy şekillendiripdir.Onuň begençli uçganaklaýan gözleri gyzjagazyň synpdaşlaryny göresiniň gelendigini, ertirem olar bilen duşjakdygyna begenýändigini görkezýär.Ýagty otag, açyk penjiredir ýarym açyk tutylar onuň keýpiçagly bilen sazlaşykly utgaşýar.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Yzzat Gylyjowyň Kitap bazary“ atly ajaýyp suraty maşgala albomundaky köne suraty ýada salýar- ol köçedäki kitap söwdasyny takyk we ynandyryjylyk beýän edipdir.

Bu eseriň weýrançylykly ýer titremesinden alty ýyl soň - 1954-nji ýylda dörelendigini bellemek gerek.Görşümiz ýaly, durmuş öz akymy bilen gidiý otyr, adamlar eýýäm müdimi gymmatlyklara ymtylýar.Awtor gahrymanlaryň eşiginde we olaryň özüni alyp barşynda şol döwre mahsus zatlary nepislik bilen beýan edipdir.

Binalaryň durşundan tomaşaçylar ol ýeriň nirdedigini çak edýärler.Türkmen Gününiň yssysy bar ýerde — howada-da, ýerde-de, jaýlaryň diwarlarynda-da, satyjylardyr alyjylaryň ýüzünde-de duýulýar.Onuň nuruna kitaplaryň sahaplary ýalpyldasa, adamlar mähirli ýylgyrýarlar.

Bu suratyň mähirli täsirine düşen ýaşuly adamlar bir pursadam bolsa, çagalygyň we ýetginjekligiň bagtyýar döwrüne düşen ýaly bolýarlar.

Muzafar Daneşwaryň Synag“ atly suratynda çeperçilik ýörüte orta hünärmen mekdebine synag tabşyrýan ýaşlar şekillendirilipdir.Olaryň hersi birhili şekillendirilipdir: biri dünýäni unudyp, kitap okasa, beýlekisi öz gezegine garaşýar, başga birem synagyň gidişini biljek bolup, gapynyň yşyndan bakýar. Muzafar Daneşwar ençeme ýyllap şu mekdepde sapak berensoň, bu ýurdumy gowy bilýärdi.

Sergide magaryfyň ilkinji ädimleri barada-da suratlar bar.Türkmenistanyň halk nakgaşy Aýhan Hajyýewiň Ilkinji mugallym“ atly eseri olaryň arasynda duýgy baýlygy bilen saýlanýar.Bu belli eseri ýurdumyzyň çeperçilik sungatynyň muşdaklary gowy bilýärler.

Garagumyň jöwzadan ýaňa gyzyp gülgüne-ak bolan çägelerinden ýadawlygyna we yssa döz gelip, harby geýimi Güne ýanan mugallym bilen üsti kitapdyr beýleki mekdep esbaplary ýüklenen düýäni idip barýar.Onuň ýoly alysdaky gum obasyna tarap, ol çagalara bilim bermegiň arzuwynda.

Asylly maksady ýol azabyny ýatdan çykarýar...

Mämmet Mämmedowyň Likbez“ atly eseri-de şu mowzuga bagyşlanan. Onda eli kitaply owadan ýaş gelin şekillendirilen. Belki, onuň öý aladasam ýetikdir, ýöne keşbinde bilime höwes, asyrlarboýy pederleriň danalygy siňen kitaplary okamaga işleg duýulýar.

Ýene degişli makalalar

Milli nakgaşlyk mekdebiniň halypalary: Ýewgeniýa Adamowa
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden M. Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde guralan sergi
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznasyndaky eserlerden Aşgabat şäheriniň Neşirýat-Çaphana orta hünär okuw mekdebinde guralan sergi
Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergi gurady
Bagtdan paýly zenanlar atly sergi
Paýtagtymyzyň sergi zallarynda Ýeňiş Baýramyna bagyşlanan sergiler açyldy