“Mekanara gatnawy” täze görnüşli howa we ýag süzgüçlerini öndürip başlady

“Mekanara gatnawy” täze görnüşli howa we ýag süzgüçlerini öndürip başlady

Ahal welaýatynyň Änew şäherinde ýerleşýän “Mekanara gatnawy” hususy kärhanasy täze “HX 18185”, “HX 18188” görnüşli howa we “YX 1614 E” ýag süzgüçlerini öndürip başlady. Bu barada “Rysgal gazeti” duşenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, “Megafil” haryt nyşanly bu süzgüçler Türkmenistanyň çäginde hereket edýän awtobuslar üçin niýetlenip, olar ekologiýa taýdan arassalygy, hili we amatly bahasy bilen tapawutlanýarlar.

Kärhana Türkiýäniň we Hytaýyň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilip, onuň aýlyk kuwwatlylygy 25 müňe golaý süzgüç öndürmäge barabardyr.

Mundan başga-da, kärhanada ýeňil we ýük awtoulaglaryna, gurluşyk tehnikalaryna niýetlenen ýaglaryň, howa süzgüçleriniň dürli görnüşleri öndürilýär. Şeýle hem bu ýerde önüm öndürmek üçin ýerli we daşary ýurt çig malyndan peýdalanylýar.

“Mekanara gatnawy” hususy kärhanasy geljekde öndürýän harytlarynyň görnüşlerini artdyrmak, olaryň içerki bazardan artan bölegini bolsa daşary ýurtlara eksport etmegi göz öňünde tutýar.

Ýene degişli makalalar

Bütindünýä zehin sportlary olimpiadasynda türkmen milli topary şowly bäsleşdi
USAID Aşgabatda hakaton ýaryşyny geçirýär
Türkmenistanyň çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy
TFÇ ― 2024: Arkadag topary 14-nji ýeňşini gazandy
Konstitusion özgertmeler döwrüň talabydyr
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Ýaşyl tugum al-asmanda pasyrda! atly sergisi
TFÇ ― 2024: Köpetdagy minimal hasap bilen ýeňen Şagadam dördünji orun üçin göreşi dowam edýär