Mejlisiň wekilleri Parlamentara bileleşik tarapyndan wideomaslahat görnüşinde guralan, dünýäniň dürli ýurtlaryndan, abraýly halkara guramalardan bolan parlamentariler we bilermenler bilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşygyna gatnaşdylar.
Tejribe alyşmak üçin maksatnama öwrüljek onlaýn duşuşygyň mowzugy “Parlament monitoringinde we kesgitlemesinde mümkinçilikler we meseleler” diýlip atlandyryldy.Onuň çäklerinde milli parlamentleriň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, jemgyýetde olaryň ornuny güýçlendirmek hem-de häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmäge goşandyny artdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Interaktiw söhbetdeşligiň barşynda parlamenara gatnaşyklaryň orny hem-de wezipeleri barada pikir alşyldy.Duşuşyga gatnaşyjylar geljekde hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine ýokary baha berip, umumy dünýä ösüşiniň global meselelerini çözmäge gönükdirilen bilelikdäki tagallalary birleşdirmek barada bir pikire geldiler.