Mejlisiň wekili Gaaga iş saparyny amala aşyrdy

Mejlisiň wekili Gaaga iş saparyny amala aşyrdy

3-4-nji iýul aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Gaagada geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Milli azlyklar boýunça Pudagara dördünji Tegelek stola gatnaşmak üçin iş saparynda boldy. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, tegelek stoluň maksady goşulyşmak syýasatyny durmuşa geçirýän we azlyklaryň meselelerini çözýän degişli guramalaryňdyr edaralaryň ýokary derejeli wekilleriniň arasynda bilim we öňdebaryjy tejribe alyşmakdan, şeýle hem bu ugurda maslahat beriş mehanizmleri arkaly netijeli gatnaşygy ýola goýmakdan ybarat boldy.

Duşuşygyň dowamynda bu ugurda ýüze çykýan meseleleri çözmegiň, üstünlikleri we strategiýalary paýlaşmagyň ähmiýeti, şeýle hem hünär kämilligini ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Azlyklaryň öz dillerinde okamak hukuklary-da, özleri-de agzalmaýar - synçy
Milli Liderimiz Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy
Türkmenistanyň Prezidenti Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezine bardy
Ysraýylyň palestinalylara garşy hüjümleri Gollandiýada protest edildi
Rabiei: Eýranyň ýerine Amerika çetleşendir
Ruhani: Eýran Amerika garşy näçelenji gezek ýeňiş gazandy