Mejlisiň Başlygy Nikaraguanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Mejlisiň Başlygy Nikaraguanyň ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Tatýana Daniela Garsiýa Silwadan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşykda diplomat Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti Daniel Ortega Saawedranyň türkmen döwletiniň Baştutanyna iberen mähirli salamyny, şeýle hem Prezident Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Ilçi alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary netijesinde ýokary halkara abraýyny gazanan döwletde ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda Nikaragua Respublikasynyň ilçisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanynyň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, şeýle hem iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.

Nikaraguanyň ilçisi milli parlamentiň düzümi we onuň köpugurly işi, hususan-da, ýurtda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde alyp barýan işleri bilen hem tanyşdyryldy. Şunda kanun çykaryjylyk ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirildi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 6-njy iýulynda döredilen Durnukly ulag boýunça dostlar toparyna Nikaragua Respublikasynyň goşulandygy aýratyn nygtaldy.

Duşuşygyň ahyrynda Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tatýana Daniela Garsiýa Silwa öz tarapyndan däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli çuňlaşdyrmak we hil taýdan täze, ýokary derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Nikaragua Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Nikaraguanyň Türkmenistandaky ilkinji Ilçisi ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy
Hazaryň suwunyň derejesi peselýär: “Deňizde däl-de, händekde suwa düşen ýaly bolduk”
Ýaş maşgalalara niýetlenen bank karzlaryny almak üçin ençeme resminama talap edilýär