
Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň başlygy Numan Kurtulmuş Bahreýne guran saparyndan soň Birleşen Arap Emirliklerine gitdi.
Kurtulmuş paýtagt Abu Dabide ASELSAN-yň Birleşen Arap Emirliklerindäki ofisiniň açylyş dabrasyna gatnaşdy.
Ofisiň alyp barýan işleri we goranyş senagaty pudagyna goýlan maýa goýumlar hakynda maglumat alan Numan Kurtulmuş saparynyň çäginde BAE-niň Federal milli geňeşiniň başlygy Sakr Gobaş we Birleşen Arap Emirlikleriniň döwlet Ýolbaşçysy Muhammed bin Zaýid Al Nahýan bilen duşuşar.