Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 20-nji maslahaty geçirildi

Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň 20-nji maslahaty geçirildi

Şu gün sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky 20-nji maslahaty geçirildi. Bu barada Watan habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, maslahatda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna, ýurduň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan birnäçe Kanunlara garaldy hem-de olar kabul edildi. Maslahata käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň çagyrylan wekilleri-de gatnaşdylar.

Gün tertibine laýyklykda, deputatlar Notariat we notarial işi hakynda, Sirk hem-de sirk sungaty hakynda, Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda, Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa, Elektron haryt ulag hatyna degişli goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda, Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Notariat we notarial işi hakynda resminama ara alnyp maslahatlaşylanda, bu Kanunyň taslamasynyň notariat we notarial işiň guramaçylyk hem-de hukuk esaslaryny, notariuslaryň hukuk ýagdaýyny, olaryň işine gözegçiligi, şeýle-de Türkmenistanda notarial işi amala aşyrmagyň tertibini kesgitleýändigi bellenildi.

Sirk hem-de sirk sungaty hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy-da uly gyzyklanma bildirilip ara alyp maslahatlaşyldy.Bu Kanunyň taslamasynda sirk we sirk sungatynda döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş-ykdysady esaslary kesgitlenýär.

Sirk eserlerini döretmek hem-de olary köpçülige görkezmek bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklar düzgünleşdirilýär.Sirkleriň işiniň hukuk binýady hem-de ony döwlet tarapyndan goldamagyň görnüşleri kesgitlenýär. Şeýle-de bu Kanun raýatlaryň estetik taýdan terbiýelenilmegine, olaryň sirk sungatyna bolan döredijilik islegleriniň kanagatlandyrylmagyna we bähbitleriniň goralmagyna gönükdirilendir.

Ýerli öz-özüňi dolandyryş hakynda Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda, bu kanunçylyk namasynyň degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, sebitleriň häkimlikleriniň işjeň gatnaşmagynda işlenilip taýýarlanylandygy hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň alyp barýan işlerini giňeltmek, olaryň hukuk binýatlaryny we ygtyýarlyklaryny kesgitlemek, şeýle-de döwlet häkimiýet edaralary bilen gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek babatda möhümdigi bellenildi.

Ýükleriň ýol arkaly halkara daşalmagy babatda şertnama hakyndaky Konwensiýa, Elektron haryt ulag hatyna degişli goşmaça Teswirnama goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanunynyň ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekde ähmiýeti nygtaldy.

Ýewropa sebitinde ýokary bilim boýunça hünär derejelerini ykrar etmek hakyndaky Konwensiýa goşulmak hakynda Türkmenistanyň Kanuny ara alyp maslahatlaşylanda, deputatlar bu kanunçylyk namasynyň kabul edilmeginiň ylym-bilim ugry boýunça halkara hukuk binýadynyň berkidilmegine gönükdirilendigini bellediler.

Bulardan başga-da, deputatlar Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna goşmaçalar hem-de üýtgetmeler girizmek hakynda, Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda, Goranmak hakynda Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, Salgytlar hakynda Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda, Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Kanunlaryň taslamalaryna garadylar.

Şeýle-de maslahatda Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiniň meseleleri hakynda Milli Geňeşiň Mejlisiniň Kararynyň taslamasyna garaldy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatynyň garamagyna hödürlenen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy hem-de kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň 8-nji mejlisi geçirildi
Ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýady döwrebaplaşdyrylýar
Türkmenistan Ýewropada ýokary hünär derejelerini ykrar etmek Konwensiýasyna goşular
Serdar Berdimuhamedow: Bitaraplyk Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm bölegi
Prezident Erdogan TJG Anadoly gämisini Harby-deňiz güýçlerine gowşurmak dabarasyna gatnaşdy
Moskwanyň uly döwlet sirkiniň Aşgabatdaky döredijilik sapary tamamlandy