Mejbury pagta ýygym möwsümi başlady

Mejbury pagta ýygym möwsümi başlady

Mary welaýatynda mejbury pagta ýygym möwsümi başlady. Býujet işgärleri ýygyma mejbury çekilýär. Işe ýarawsyz işgärlerden öz ornuna pagta meýdanlaryna hakyna tutma adam ugratmak talap edilýär. Býujet işgärleri ýygym şertlerinden şikaýat edýär. Daýhanlar bu ýyl pagtanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny aýdýarlar. Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy sebitden habar berýär.

Şu günler Mary welaýatynda býujet işgärleri we sebitiň bir dokma fabriginiň işçileri Oguzhan etrabyna pagta ýygmaga äkidilýär. Ýarawsyz işçilerden özlerine derek ýygyma hakyna tutma adam ugratmak talap edilýär.

Biziň habarçymyzyň maglumatlaryna görä, her gün irden bäş awtobus adamlary Oguzhan etrabyna pagta ýygmaga alyp barýar.

Azatlyga mälim bolan maglumatlara görä, mejbury pagta ýygmaga ýaramaýan işgärlerden gününe otuz manat töläp, günlükçi tutmak talap edilýär. Ýygyma gatnaşmakdan boýun gaçyrýan adamlara işden kowmak haýbaty atylýar.

Bu aralykda, mejbury ýygyma gatnaşdyrylýan adamlar gowaça meýdanlarynda pagtanyň seýrekdigini aýdýarlar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan pagtaçy kärendeçiler bu maglumatlary tassyklap, bu ýyl gowaçanyň hasyllylygynyň pes bolandygyny aýdýarlar.

Býujet işgärleriniň sözlerine görä, olar irden sagat 8-den agşam sagat 7-ä çenli pagta ýygmaga mejbur edilýärler.

“Biz gowaça meýdanlaryna iýjek çöregimizi, içjek suwumyzy öz ýanymyz bilen alyp gitmeli. Bize pagta ýygmak üçin öňlük halta we gap paýladylar. Munuň üçin aýlygymyzdan 45 manat tutuljakdygyny aýtdylar” diýip, dokma fabriginiň bir işgäri Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Bir hakyna tutulan pagtaçy geliniň sözlerine görä, günlükçi hökmünde hakyna tutulan adamlara bir gün üçin 20 manat töleg tölenýär.

Pagtaçy gelin özleriniň Sakarçäge etrabynda bir gowaça meýdanyndan pagta ýygandyklaryny, ýöne açylan pagtanyň heniz seýrekdigini aýdýar.

Sakarçägeli bir kärendeçi özüniň 4 gektar kärende ýerine ýüpek pagtasynyň ekilendigini ýöne suw ýetmezçiligi sebäpli gowaçanyň ýetişmändigini aýdýar.

“Häzir şol dört gektar ýerimi sürüp ýörler. Bugdaý ekmeli diýýärler” diýip, kärendeçi aýtdy. Ol puç bolan gowaçasyna ideg etmek üçin özüniň köp azap çekendigini aýdýar.

Azatlyk Radiosy mundan ozal daýhanlaryň dökün, tehnika we suw ýetmezçiligi barada yzygiderli habar berdi.

Türkmenistanyň hökümeti pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanmakda adam hukuklaryny goraýjy halkara guramalar tarapyndan yzygiderli tankyt edilýär.

Şol bir wagtyň özünde, 2016-njy ýylda “H&M”, “Ikea”, “Adidas”, “Espirit” ýaly iri markalar Türkmenistanyň pagta önümçiliginde mejbury zähmetden peýdalanylmagyna alada bildirdiler. Bu aladalar bilen baglylykda 2018-nji ýylda ABŞ-nyň Gümrük gullugy türkmen pagtasynyň hem-de türkmen pagtasyndan öndürilen islendik önümiň ABŞ-nyň çägine getirilmegine gadagançylyk girizdi.

Maryly kärendeçi 24-nji awgusta çenli “Ak kerwen” dabarasy üçin özlerinden her bir gektar gowaça üçin bir tonna pagta tabşyrmagyň häkimiýetler tarapyndan talap edilýändigini aýdýar.

Türkmenistan ýygym möwsüminiň başlarynda “Ak kerwen” dabarasyny geçirip, pagta möwsümine girişilmegini dabaraly belleýär. Dabarada traktor kerweni harmana pagta daşaýar. Ýöne döwlet mediasy pagta önümçiligindäki mejbury zähmeti asla agzamaýar.

Sowet döwründäki “Gyzyl kerwen” dabarasy garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanda “Ak kerwen” dabarasyna öwrüldi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan mejbury ýygymçylar bir kilogram pagta üçin özlerine 30 teňňe töleg tölenilýändigini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ýygymçylar tabşyran pagtasynyň 'ýokarlanan' töleginden nägile
Balkanda iki hepde çemesi wagt bäri töleg terminallary işlemeýär, bankomatlara nagt pul goýulmaýar
Daşoguzly pagtaçylar şertnamadan artyk ak altyn tabşyrýarlar
Mary welaýatynyň 'reformaçy' täze häkimi oba ýolbaşçylaryny çalyşýar, 'talapkärligi talap edýär'
Pagta borçnamasyny ýerine ýetiren Balkan welaýatynda býujet işçileri ýygyma çekilýär
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi