Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşek Oman Şalygynyň ýörite wekili Saýýid Asaad Al-Said, senagat, söwda we maýa goýumy höweslendirmek ministri Kais Mohammed Moosa Al Ýousef we maliýe ministri Soltan bin Salim bin Said Al Habsi bilen duşuşyklar geçirdi.
Geçirilen duşuşyklarda iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi bilen bagly meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy.
Duşuşyklaryň çäginde şeýle hem iki ýurduň hususy pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkiye-Oman tegelek stol maslahaty geçiriler. Şol maslahatda maýa goýum we söwda pudagyndaky mümkinçiliklere we bilelikdäki taslamalara garalmagyna garaşylýar.
Ministr Şimşek şu gün agşam saparyny tamamlap, Türkiyä gaýtmagyna garaşylýar.