Gazna we Maliýe ministri Mehmet Şimşek sosial media hasabyndan beren beýanatynda, bazarlardaky inflýasiýa tamalarynyň üstünde durup geçdi.
Mehmet Şimşek: "12 we 24 aýdan soňky inflýasiýa tamalary 10 aý bäri gowulaşýar. Iýul aýynda wagtlaýyn täsirler sebäpli ýokary bolan aýlyk inflýasiýa ýylyň ahyryndaky tamalardan çäkli artyşa sebäp bolsada, 12 soň inflýasiýa tamalary 28,7 göterime aşaklady, 24 aý soň üçin 19,3 göterim boldy. Ýyllyk inflýasiýanyň awgust aýynda kesgitli ýagdaýda peselşini dowam etdirmegine garaşýarys" diýip habar berdi.