Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanda, şol sanda ilkinji gezek Arkadag şäherinde Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwal geçirilýär. Onda gatnaşmak üçin dünýäniň birnäçe ýurdundan myhmanlar geldiler.
Halkara kinofestiwala gatnaşýan myhmanlaryň arasynda Türkiýäniň Bozdag group kinokompaniýasynyň başlygy, meşhur kinorežissýor, prodýuser hem senarist Mehmet Bozdagyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem bar.
Mehmet Bozdagyň ýolbaşçylygynda surata düşürilýän Gurluş: Osman teleserialynyň baş gahrymanlary Burak Özçiwit, Özjan Çagry Şensoý, Fatih Aýhan, Ýigit Uçan, Murat Bonjukçu ýaly sungat ussatlary hem bar.
Mehmet Bozdag halkara habarlar merkeziniň habarçylaryna beren interwýusynda şeýle belleýär: Türkmenistan biziň ata Watanymyz.Oguz hanyň mekany.Biz hem filmlerde ata Watanymyzyň taryhyny açyp görkezmäge ýykgyn etdik.
Bu ýerde birnäçe ýakyn dostlarym bar.Türkmenistanda bolmak biziň üçin uly mertebe, ýurduň ösüşleri mende uly täsir galdyrdy.Aşgabat şäheriniň gijeki gözelligi özboluşly täsinligi bilen tapawutlanýar. Şeýle şähere gelip görmäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden sagbolsun aýdýaryn.
Türkmenistanda birnäçe taryhy filmleri surata düşürmegi maksat edinýäris. Oguz han hem-de Alp Arslan filmlerini surata düşürmek meýilleşdirilýär. Oguz han hem-de Alp Arslan dünýä taryhynda uly yz goýan meşhur taryhy şahsyýetlerdir. Oguzhanyň durmuşy diňe bir türki halklaryny däl, eýsem tutuş dünýä halklaryny hem gyzyklandyrýar. Oguzhanyň taryhda bitiren işlerini tutuş dünýäde giňden wagyz etmegiň möhümdigini bellemek isleýärin.
Ýeri gelende belläp geçsem Anadolynyň gapylaryny giňden açan soltan Alp Arslan hem meşhur serkerdedir. Biziň iki sany taslamamyz bar. Şol taslamalary Türkmenistan bilen bilelikde durmuşa geçirmegi maksat edinýäris. Bu babatda degişli gepleşikleri geçireris diýip, gürrüňiniň dowamynda belläp geçdi.