Meksikanyň Hökümeti 7-nji martdan başlap ýurduň paýtagt şäherinde koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly ähli çäklendirmeleriň ýatyrylýandygyny habar berdi. Bu çözgüdiň kabul edilmegi ýurtda ýokanç kesel bilen keselleýänleriň sanynyň azalandygy bilen baglydyr.
Häzirki wagtda Mehikonyň hassahanalarynda bu ýokanç bilen kesellän 739 sany syrkaw bolup, olaryň 295-isi öýkeni emeli howalandyrma enjamy arkaly bejergi alýar. Paýtagt şäheriň 15 ýaşdan uly raýatlarynyň 98 göterimi COVID-19 sanjymlaryny doly aldy diýip, mir24 habar berýär.