Germaniýanyň Drezden şäherindäki “Sinfoniker” simfoniki orkestri ilkinji gezek robotyň dolandyrmagynda çykyş etdi. Aýdym-saz toparynyň işine üç elli dirižýor “MAiRA Pro S” ýolbaşçylyk etdi. Bu barada “The Guardian” neşiri habar berýär.
Orkestriň çeperçilik direktory Markus Rindtiň aýdyşy ýaly, robotyň tehniki mümkinçilikleri oňa adamlar üçin elýeterli bolmadyk zatlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
“MAiRA Pro S” diýlip atlanyrylan dirižýor taýajyklarynyň ýerine dürli reňkli yşyklandyryjylary ulanandy. Robotyň ellerinde 7 bogun bolup, bu onuň hereketliligini we manýowr etmek ukybyny ýokarlandyrýar. Olaryň her biri orkestriň bir bölegine dirižýorlyk etdi.