Medýa ägirtleri birleşýär

HBO, TNT, CNN we “Cartoon Network” ýaly teleýaýlymlara eýeçilik edýän “Warner Media”-nyň hem-de “Discovery”-niň tagallalaryny birleşdirjekdigi mälim edildi. “AT&T” amerikan telekommunikasiýa kompaniýasynyň eýeçilik edýän “Warner Media” kompaniýasy bu “göçümi” bilen “Netflix”-e we “Disney +”-a bäsdeş bolmagyna garaşylýar. Şeýlelikde köp wagtdan bäri bäsdeş hasaplanýan “Discovery” we “Warner Media” kompaniýalarynyň bu barada gysga wagtda ahyrky şertnama gol çekmegine garaşylýar.

AT&T 2018-nji ýylda “Time Warner”-y 81 milliard dollara satyn alypdy.

AT&T-niň eýeçilik HBO tölegli teleýaýlamynyň abunaçylarynyň sany soňky ýyllarda “Tagt oýunlary” (Game of Thrones) serialy bilen 63 milliona ýetipdi. “Discovery”-niň bolsa, “Animal Planet” hem hasaba alnanda, 88 million abunaçysy bar.

Ýene degişli makalalar

Warner Bros II çärýegi arassa ýitgi bilen tamamlady
Aždarhanyň öýüniň birinji bölümine 10 million adam tomaşa etdi
“Harry Potter”-iň serialy surata düşüriler
Warner Bros. kinostudiýasy 2021-nji ýylda birbada 17 film çykarar
“Mortal Kombat” filminiň goýberiljek senesi mälim edildi
"Warner Bros." 2021-nji ýylda hödürlejek filmlerini tanyşdyrdy