Medwedew ýekelikdäki ATP Cup ýaryşlarynda gazanan ýeňişleriniň sany boýunça Jokowiçden öňe geçdi

Medwedew ýekelikdäki ATP Cup ýaryşlarynda gazanan ýeňişleriniň sany boýunça Jokowiçden öňe geçdi

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew ATP Cup ýaryşynda awstraliýaly Aleks de Minory ýeňdi. Oýun 6:4, 6:2 hasabynda tamamlandy. Bu barada championat.com habar berýär.

Bu Medwedewiň karýerasynda ýekelikdäki ATP Cup ýaryşlarynda gazanylan dokuzynjy ýeňişdir. Şol bir wagtyň özünde russiýaly türgen iki gezek ýeňildi.De Minor bilen geçirilen oýunda üstünlik gazanmak bilen russiýaly tennisçi ATP Cup-yň taryhynda ýekelikde gazanan ýeňişleriniň sany boýunça serbiýaly Nowak Jokowiçden öňe geçdi. 2022-nji ýyldaky oýny sypdyrýan Nowak 8 ýeňişli oýun bilen galdy, Daniiliňki 9 boldy.

Ispaniýanyň toparynyň häzirki lideri Roberto Bautista-Agutyň hasabynda hem şonça ýeňiş bar. Ýekelikdäki ýeňişleriniň sany boýunça ATP Cup-yň liderleri:

1-2. Bautista-Agut (Ispaniýa) 9 ýeňiş 2 ýeňliş (2020-2022-möwsümleri) 1-2. Medwedew (Russiýa) 9-2 (2020-2022) 3. Jokowiç (Serbiýa) 8-0 (2020-2021) 4. Hurkaç (Polşa) 5-0 (2020, 2022) 5. Ştruff (Germaniýa) 5-3 (2020-2022).

Ýene degişli makalalar

Pariždäki ilkinji çempionlygy
Möwsümi super jemledi
Medwedew Rotterdamda çempion bolup, ATP-niň reýtinginde onluga dolandy
Rolan Garrosdaky üstünlikli çykyş Nadaly dördünji, Ruudy altynjy orna göterdi
Daniil Medwedew ýene-de dünýäniň birinji raketkasy boldy
Jokowiç ATP-niň reýtinginde ýedinji orna düşdi